12                              BAGTYŇ  BAÝRAMY

1111

  

 

“Eneler bilen dünýä ýazlaşýar” diýlip sarpalanýan ak gyňaçly, kümüş saçly eneleriň baýramyna — 8-nji Mart — Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, welaýat medeniýet köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guran baýramçylyk dabarasy bu ýere ýygnanan mährem eneleriň ruhuny göterip, olara keýpiçaglyk eçildi.

Eziz Watanymyzyň günsaýyn ösüşlere beslenýän zamanasynda Arkadag Prezidentimizden hormat-sarpaly zenanlaryň baýramyna bagyşlanan dabara welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan konserti bilen başlandy. Welaýat medeniýet köşgüniň “Altyn asyr” tans toparynyň “Bagtyýarlyk”, Wekilbazar etrap medeniýet merkeziniň “Wekil nagmalary” tans toparynyň “Gözeller” atly tansy, Marynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň skripkaçylar çagalar toparynyň çalan milli we döwrebap sazlary, Oguzhan etrap medeniýet merkeziniň aýdymçysy Azat Tirkişowyň “Eneler” diýen aýdymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýusup Garýagdyýewiň “Arkadag” atly aýdymy eneler üçin baýramçylyk sowgady boldy. Ene mukaddesligi belentden wasp edilen dabarada welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Mährijemal Mämmedowa mähriban eneleri baýramçylyk bilen mübärekläp, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylýan sowgatlarynyň nesip etmegini, zenanlaryň adyndan mähriban Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdy. ªeýle alkyşly gutlaglar bilen TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow hem çykyş etdi.

Dabaranyň dowamynda welaýatymyzdaky syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary ömri, durmuşy nusgalyk enelerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary dabara bilen gowşurdylar. Sowgada eýe bolan eneleriň Arkadag Prezidentimize aýdan ýürek alkyşlary, akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň “Gözel sen” diýen şygrynyň zenan waspy bolup ýaňlanmagy dabara gatnaşanlarda buýsanç duýgusyny döretdi.

 

 

 

                                 BÄSLEŞIK  GEÇIRILDI

                                                                                      ( suratsyz )

Ýakynda Wekilbazar etrabymyzyň Kaklydepe we Gara oba medeniýet öýleri etrapdaky 17-nji orta mekdep bilen bilelikde ady agzalan mekdepde şahyr Gurbannazar Ezizowyň 80 ýyllygy hem-de 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda “ªahyryň döredijiliginde zenanyň waspy” atly bäsleşik geçirdi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr okuwçylary, oba medeniýet öýleriniň işgärleri gatnaşdylar.

Mekdebiň 7-8-9-njy synp okuwçylarynyň arasynda guralan bäsleşigiň başynda mekdebiň müdiri, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Enebaý Altyýewa çykyş edip, gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlady we bäsleşikde okuwçylara uly üstünlikleri arzuw etdi. ªeýlelikde, okuwçylar hormatly Prezidentimiziň “Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitabyndan rowaýatlary sahnalaşdyrmak, G. Ezizowyň goşgularyndan bölekleri okamak, dabarany alyp barmak, ene hakyndaky aýdymy aýtmak we tansy ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça özara bäsleşdiler.

Netijede, emin agzalary tarapyndan ýeňijiler yglan edildi. 1-nji orna 7-nji, 2-nji orna 9-njy, 3-nji orna bolsa 8-nji synpyň okuwçylary mynasyp boldular. Ýeňijiler we has tapawutly çykyş eden okuwçylaryň 4-isi etrap medeniýet merkeziniň Hormat hatlary bilen sylaglandy.

 

ÝAŞ  NESILLER – WATANYMYZYŇ  GELJEGI

                                                                      Image removed.       

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda geljegimiz bolan çagalar barada uly aladalar edilýär. Ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, terbiýe, döwrebap bilim almagy, olaryň bagtyýar ýaşamagy ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Bu barada maksatnamalar kabul edilýär. Has takygy, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020-2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa kabul edildi. ªonuň esasynda-da golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen ÝUNISEF-iň guramagynda «Mary» myhmanhanasynda çaganyň irki ösüşi boýunça eneleriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşygy BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilimi gowulandyrmak boýunça iş hünärmeni Selbi Hanowa alyp bardy we çaganyň irki ösüşi barada täsirli gürrüň etdi. Mundan başga-da ol «Watan», «Çar tapdan» radioýaýlymlarynda ýörite çagalar barada gepleşikleri geçirýändigini aýdyp, olar dogrusynda eneleriň nähili garaýşynyň bardygy bilen gyzyklandy. Duşuşygyň dowamynda bu ugurda dürli teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy. ªeýle hem çaganyň irki ösüşi barada bilim we lukmançylygyň nukdaýnazaryndan bilermenleriň çykyşlary diňlenildi

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp zamanada ýaş nesiller barada aladalanýan hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaç almagyny arzuwladylar.