BAHAR  BILEN  BAGT

Müşk-anbaryň ysy kükeýip gelýär,

Bu bahar howasy — bagtyň howasy.

Bilbilleň joşguny bagryňy dilýär,

Bu bahar owazy — bagtyň owazy.

 

Daglardan buldurap çeşme-çaý akýar,

Günem öz nuruny äleme dökýär,

Gözeller näz edip, lälesin kakýar,

Bu bahar nagmasy — bagtyň nagmasy.

 

Sähramyza seýran edip geziler,

Gülälekler haly bolup ýazylar,

Bökjekleşip oýnar owlak-guzular,

Bu bahar güwäsi — bagtyň güwäsi.

 

Ýazyň joşup gelşi göýä gazaldyr,

Waspyny şahyrlar saýrap, ýazandyr,

Türkmen tebigaty baky gözeldir,

Bu bahar dowamy — bagtyň dowamy. 

 

Kalbyň al-asmanda — arşyň deňinde,

Bahar bilen bagt joşýar göwünde,

Adam özün baky saýýar bu günde,

Bu bahar dünýäsi — bagtyň dünýäsi.