Baş  baýlygymyz!

Ykdysady-ösüş-320x290-320x290.jpg

    Tebigatda bar bolan ýerasty tebigy baýlyklaryň çäksiz mukdarda gazylyp alynmagy we olaryň çakdanaşa ulanylmagy esasan hem bu önümleriň köp ulanylýan ýerlerinde tebigatyň we klimatyň ýuwaş-ýuwaşdan zaýalanmagyna getirýär. Adamyň tebigata zyýan ýetirýänligi, esasan hem dünýäniň klimatyna örän güýçli zyýan ýetirýänligi indi kabul edildi. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde tebigat meselesi bilen adamyň tebigata ýetirýän zyýanyny biri-birinden tapawutlandyrmak kynlaşdy. Nebit önümlerinden öndürilýän plastmassa önümleri senagatda we halk hojalygynda giňden ulanylýar. Plastmassa önümleriniň belli bir mukdary gaýtadan işlenilip ulanylsa, olaryň belli bir mukdary tebigata zyňylýar. Bu bolsa tebigata we daşky gurşawa gynansak-da, özüniň ýeterlik derejede zyýanyny ýetirýär. Bu önümler tebigatda topraga garyşyp bilmeýärler. Hut şol sebäpli hem tebigata zyňylýan plastiki zyňyndylaryň gaýtadan işlenilmegi zerurdyr. Plastikanyň gaýtadan işlenilmeginiň peýdaly taraplary:

- halk hojalygynda we senagatda ulanyljak plastmassa önümleriniň önümçiliginde gerek boljak çig malyň mukdaryny azaldýar;

 - daşky gurşawyň we tebigatyň hapalanmagynyň öňüne geçilýär.

    Zyňyndy plastmassalaryň gaýtadan işlenilmegi dört basgançakly ýol bilen ýerine ýetirilýär.

    Birinji basgançak zyňyndy plastmassalary gaýtadan işlenilmedik, hakyky plastmassalara garyp, hil taýdan hakyky polimere ýakyn önüm almakdyr. Bu basgançakda plastmassa önümleriniň önümçiliginde peýdalanylýan ýörite mehanizmlerden olaryň önümçiliginde artyk galýan plastmassa zyňyndylary bilen tebigatdan toplanan zyňyndy plasmassalar bilelikde garylyp gaýtadan işlenilip, önüm alynýar.

    Ikinji basgançak, hakyky plastmassa (ýokary hilli) almagyň deregine ikinji hilli plastmassa önümini almaga esaslanýar.         Plastmassa birinji gezek ulanylyp, zyňylandan soňra olary ýygnap alyp, arassalap, eredip, gaýtadan işlemekdir.

    Üçünji basgançak dürli himiki reagentleriň ulanylmagy bilen ýerine ýetirilýär. Bu basgançakda aljak önümiň hiline görä täze himiki birleşmeli önüm alynýar.

    Dördünji basgançakda  zyňyndy plastmassalary ýakylyp, ondan çykýan ýylylyk energiýasyndan peýdalanylýar.

Zyňyndy plastmassalar ýakylanda bölünip çykýan zäherli gazlar adamyň saglygyna we daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirýär. Şonuň üçin hem gaýtadan işlemegiň bu görnüşi adam saglygy hem-de daşky gurşaw üçin peýdasyndan köp zyýanly bolmagynda galýar.

Plastmassalar gaýtadan işlenende alynýan önümler:

1.Ýyladyşhanalara örtülýän örtgüler.

2.Plastiki torbalar.

3.Jaý we bina gurluşyklarynda ulanylýan plastiki maddalar.

4.Hapa, lagym suwlaryny akdyrmak üçin ulanylýan suw geçirijileri.

5.Awtomobilleriň ätiýaçlyk şaýlarynyň önümçiliginde öndürilýän önümler.

6.Ýuwujy serişdeleriň gaplary, hapa dökülýän gutular.

7.Ýagşyň suwuny akdyrylýan suw geçirijileri.

8.Dürli oýunjak önümleri.

    Ýaşaýan tebigatymyzy gorap saklamak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Eger biz gündelik hojalygymyzda ulanýan önümlerimizi ulanyp, olardan galýan zyňyndylary daşky gurşawa zyňanymyzda, olary  hiline görä saýlap zyňsak we olaryň gaýtadan işlenilmegine elimizden gelýän kömekleri bersek, onda biziň hem özümiz arassa dünýäde ýaşarys,  hem-de biziň geljekki nesillerimize arassa dünýäni miras galdyrarys.