Baýramaly etrabynyň “Mekan” şäherçesinde ýerleşýän taryhy-arheologik muzeýiHäzirki döwürde ata-babalarymyzyň maddy we ruhy durmuşyny, Watanymyzyň köp asyrlyk taryhyny görkezýän medeni ýadygärlikler halkyň taryhy ýatlamalarynyň we medeniýetiniň galkynmagyna ýardam berip, şahsyýetiň ahlak taýdan emele gelmeginiň, watançylyk we estetiki terbiýesiniň çeşmesi bolup durýar. Gorap saklanan ýadygärlikler medeni yzygiderliligi üpjün edýär, geçmişiň üýtgemeýän gymmatlyklaryna, olary döredijilikli özleşdirilmesine esaslanyp, häzirki döwrümize has gowy düşünmegimize mümkinçilik berýär. Halkymyzyň milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak meselelerine şu günki garaýşy jemgyýetçilik düşünjesiniň täzelenmeginiň, medeni durmuşda bolup geçýän özgertmeleriň alamatydyr. Şu nukdaýnazardan taryhy-arhitektura ýadygärligiň muzeýleşdirilmegi ony gorap saklamagyň iň amatly usuly bolup durýar. Baýramaly etrabynyň “Mekan” şäherçesinde ýerleşýän filial XIX asyryň ahyryna - XX asyryň başlaryna degişli taryhy-arhitektura ýadygärliginde ýerleşýär. Bu bina halkyň arasynda “Güljemal hanyň mülki” ady bilen belli bolan, şol döwürde Güjemal hanyň öz buýrugy boýunça gurlan jaý. Ol XIX asyryň ahyrynda Türkmenistanda giňden ýaýran “kolonial” arhitektura usulynda nagyşly bişen kerpiçden gurlupdyr.Filialyň özünde we muzeýiň gaznasynda Marguş ýadygärlikleriniň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde  tapylan birlikleriň ençemesiniň toplanandygy sebäpli häzirki döwürde bu muzeýde täze ekspozisiýa döredildi. Muzeýiň arheologiýa bölüminde Marguş ýurdunyň taryhyny beýan edýän (esasan b.e.öňki II müňýyllyga, Togolok döwrüne degişli) eksponatlar, ýagny çakmak daşdan ýasalan naýza we peýkam uçlary, daş we keramiki ikbaşlary, möhürler, aýal we erkek hudaýlaryň heýkelleri, bürünçden ýasalan bezegler we kosmetiki gaplary, zoomorf heýkeljikleri, dürli görnüşli din däplerinde ulanylan daş sütünjikleri we gap-gaçlary, jaý bezegleri ýerleşdirildi, şeýle-de bu ýerde etnografiýa, Baýramaly şäheriniň taryhy we Garaşsyzlyk ýyllary bölümleri hem taýýarlanylýar. «Güljemal hanyň mülki» baradaBaýramaly etrabynyň “Mekan” şäherçesinde XIX asyryň ahyryna - XX asyryň başlaryna degişli taryhy-arhitektura ýadygärligi ýerleşýär. Bu bina halkyň arasynda “Güljemal hanyň mülki” ady bilen belli bolan, şol döwürde Güjemal hanyň öz buýrugy boýunça gurlan jaý. Güljemal han – Nurberdi hanyň aýaly, takmynan 1836-njy ýylda Tejende doglup, 1925-nji ýylda hem Maryda aradan çykýar. Nurberdi handan onuň  Ýusup atly ogly bolýar. 1878-nji ýylda Mary hany Gowşut han, 1880-nji ýylda bolsa Nurberdi han aradan çykýar. Gowşut han bilen Nurberdi han aradan çykandan soňra Güljemal hanyň teke türkmenleriň arasyndaky täsiri has-da güýçlenýär. XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda „kolonial“ arhitektura döwründe Türkmenistanyň çäklerinde „kerpiç stili“ diýlip atlandyrylýan gurluşyk akymy giňden ýaýraýar. “Güljemal hanyň mülki” hem bu usulda, nagyşly, bişen kerpiçden gurlupdyr. Binalaryň ýüz taraplary suwagsyz kerpiç bilen bezelipdir. Ondan başga-da, gurluşykçylar orta asyr gurluşyklara meňzedip jaýyň ýokarky kert gyralarynda minarajyk görnüşli gümmezjikleri, kertikleri goýupdyrlar. Gönüburçly görnüşli bina 11 otagdan ybarat. Umumy meýdany 286,4 inedördül metr-e deň. Gurluşykda esasy ulanylan bişen we çig kerpiçleriň ölçegi 270x130x65 mm. Ýyllaryň dowamynda binanyň käbir ýerleri birnäçe gezek bejerilipdir. Jaýyň esasy öň tarapynda (demirgazyk) üsti açyk meýdança we iki sani ýarym tegelek görnüşli basgançaklar bar. Şu wagt bu ýerde Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Baýramaly etrap şahamçasy hereket edýär. 2008-nji ýylyň ahyrynda döredilen ekspozisiýa bu binanyň günbatar böleginde ýerleşýär. Muzeýiň arheologiýa bölüminde Marguş ýurdunyň taryhyny beýan edýän (esasan b.e.öňki II müňýyllyga, Togolok döwrüne degişli) eksponatlar, ýagny çakmak daşdan ýasalan naýza we peýkam uçlary, daş we keramiki ikbaşlary, möhürler, aýal we erkek hudaýlaryň heýkelleri, bürünçden ýasalan bezegler we kosmetiki gaplary, zoomorf heýkeljikleri, dürli görnüşli din däplerinde ulanylan daş sütünjikleri we gap-gaçlary, jaý bezegleri ýerleşdirildi, şeýle-de bu ýerde etnografiýa bölümi hem bar. Ýylyň dowamynda bu ýerde muzeý hyzmatlarynyň ähli görnüşleri boýunça 6 müňe golaý adama hyzmat edilýär.