BÖKDENÇSIZ  AKYM  GAZANYLÝAR

    Garaşsyz döwletimiziň gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň biri bolmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu pudagyň ösdürilmegine uly üns berýär. Täze gaz ýataklarynyň üsti açylyp, olaryň senagat taýdan özleşdirilmegi bilen bagly işler ýokary depginde alnyp barylýar. Eşret çeşmesi bolan mawy ýangyjyň sarp edijilere howpsuz we bökdençsiz ýetirilmegem wajyp wezipeleriň biri bolup durýar.

    Şeýle jogapkärli wezipäniň hötdesinden gelmek üçin “Türkmengazakdyryş” birleşiginiň “Gündogargazakdyryş” müdirliginiň gazçylary tutanýerli zähmet çekýärler. Şu müdirligiň zähmetsöýer adamlarynyň paýyna Mary we Lebap welaýatlarynyň edara-kärhanalaryny, ilatyny tebigy gazyň bökdençsiz akymy bilen üpjün etmek düşýär. Beýle diýildigi bolsa, ady agzalan welaýatlaryň çägindäki 2570 kilometrlikden gowrak ýokary basyşly gaz geçirijileriň ygtybarly hereketini gazanmalydygyny aňladýar.

    Iňňän wajyp wezipäni ýerine ýetirmekde müdirligiň baý iş tejribesini toplan hünärmenleridir işçileri döredijilikli zähmet çekýärler. Bu ýerde meýilnamada bellenilen möhletlerde gaz geçirijileriň ugrunda gazyň syzylyp çykmagynyň wagtynda öňüni almak, olaryň ugrundaky gaz paýlaýjy beketlerde we sazlaýjy düwünlerde, gatla düwünlerinde we beýleki enjamlarda abatlaýyş we ymykly gözden geçiriş işleri ýokary hilli geçirildi.

    Müdirlikde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam edýär. Şeýle netijeli işlerde önümçiligiň öňdebaryjylarynyň saldamly goşantlary bellärliklidir. Tejribeli hünärmen Akmuhammet Aşyrowyň ýolbaşçylyk edýän gaz paýlaýjy beketleriň 1-nji gullugynyň gazçylary uly işleri bitirýärler. Bu gullugyň gazçylary gaz paýlaýjy beketleriň 31-siniň, gaz sazlaýjy düwünleriň 5-siniň ygtybarly işini üpjün edýärler. Gullugyň Mary şäher gaz paýlaýjy bekediniň zähmetsöýer adamlaram gowy netijeleri gazanýarlar. Şu paýlaýjy beketden welaýat merkeziniň, Mary etrabynyň obalarynyň birnäçesine tebigy gaz akdyrylyp, edara-kärhanalaryň, şäher we oba ýaşaýjylarynyň mawy ýangyjyň akymy bilen bökdençsiz üpjünçiligini gazanýarlar. Şeýle möhüm işde uly ussa Toýly Amanowyň, operatorlar Aşyr Nurgeldiýewiň, Wepa Agaýewiň, Maksat Atabaýewiň we beýlekileriň uly goşantlary guwandyrýar.

    2020-nji — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda döredijilikli zähmet çekýän gazçylaryň aladalary ýerine düşýär. Olar şanly ýylda has ýokary netijeleri gazanmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.