Dal bedewiň şanyna

bedew.jpg

Türkmen bedewi. Seniň tarypyň, taryhyň asyrlara siňip gidýär. Sen bar, türkmen bar. Halkymyz bedewi dosty, hemrasy, gol-ganaty hasaplapdyr. Milli mirasymyzyň çuňluklaryna aralaşanymyzda-da, şu günki edebiýatymyzy okanymyzda-da, ýelden ýüwrük, asman atlaryna deňelen türkmen bedewiniň waspy şu günlere çenli egsiler ýaly däl. Bedewiň üşükligini ynsan häsiýetlerine meňzedýärler. Türkmen milli mirasynyň söýlüp okalýan eposlarynyň biri bolan Görogly boýdan-başa ynsanyň hemrasy bolan bedew at bilen baglydyr.

Türkmen halky owadanlykda, ýyndamlykda, duýgurlykda, çydamlylykda deňi-taýy bolmadyk bedewlerini gözüniň göreji ýaly görýär. Ata-babalarymyz tarapyndan «Atym bar, ganatym bar», «At gadyryny çapan biler», «At basyşyndan belli, är bakyşyndan», «Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz», «Irden turda ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen ýaly nakyllar döredilipdir. Hormatly Prezidentimiz hem türkmen bedewleri baradaky «Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» ýaly kitaplaryny gözellikde we ýyndamlykda dünýäni baglan türkmen bedewlerine bagyşlady.

Atyň ýyldyrym ýaly çakganlagynda, olaryň ynsan ruhuna gaty golaýlygyndan habar berýän: «At ýaly bat aldyňda, gidiberdiň», «At ýaly ylgap barýaňla», «At ýaly uçup barmasana» we şular ýaly meňzetmeleri köp ulanylýar. Bedewiň waspy şahyrlaryň dilinde şeýle ýaňlanýar.

Syzgyr sen ynsan deý ynsana gardaş,

Gyzdan gylykly sen, wepaly ýoldaş,

Hat-da bolup bilýäň eýäňe syrdaş,

Bagtyýar döwrümiň bedewi, aty.     

At bilen adamyň tebigatynyň birmeňzeşdigini onuň hereketlerinden, özüni alyp barşyndan, duýgurlugyndan aňmak bolýar. Şeýle bolonsaň, ata-babalarymyz: «Adamy dilinden tanarlar, aty daşky görnüşinden» diýýärler.

Owal ahyr keramatsyň, keremsiň,

Arkadagly ilde ganat gerensiň,

Gelen münen kejebeli Eremsiň,

Bagtyýar döwrümiň bedewi, aty.    

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz atçylyk pudagyny ösdürmek barada örän uly alada edýär. Baryp gadym döwürlerde şan-şöhraty dünýä ýaýran türkmen bedewleriniň at-abraýy ýene-de belende göterilýär.

Türkmen bedewleri geçirilýän toý-baýramlaryň, çäreleriň, ýaryşlaryň bezegi. Akyldar atamyz Magtymguly Pragy tebigy gözelligi bilen haýran edýän, türkmen ýigidiniň arzuwlarynyň biri bolan at barada şeýle diýýär.

Ýigidiň dünýäde üçdür myrady,

Mahbud gerek, ýarag gerek, at gerek,

Goý, hemişe türkmen halkynyň uçar ganaty bolan behişdi bedewleriň şan-şöhraty dünýäni haýran etsin!