DAŞ TÖWEREGIŇ AÝAWLY WE TÄMIZ SAKLANMAGY

Beýik Allatagala ynsany hem-de içinde ýaşaýan tebigatyny, janly we jansyz barlyklaryň ählisini belli bir düzgün-nyzamda ýaradypdyr. Bu nyzam, ýer ýüzündäki janly barlyklaryň ýaşaýyşlaryny dowam etdirip bilmekleri üçin iň kämil we kemçiliksiz nyzamdyr. Älemdäki bu düzgün-nyzama, ylym «ekologiki deňagramlylyk» diýýär. Ýaradylyşdaky bu nyzam Hyjr süresiniň 19-njy aýatynda şeýle beýan edilýär: «Biz ýeri hem (giňden) ýaýdyk, onda sarsmaz daglary ornaşdyrdyk we ol ýerde ölçegli her dürli zatlary (ösümlikleri) ösdürip ýetişdirdik».

Döwrümiziň iň ähmiýetli meseleleriniň biri hem daş-töweregimiziň hapalanmagy we ekologiki deňagramlylygyň bozulmagy bilen baglanyşyklydyr. Beýik Ýaradan adamzada tebigatyň we ekologiki deňagramlylygyň goralmagyny, olaryň asyl nyzamynyň bozulmazlygyny isläpdir. Muňa ters hereket edilende bolsa zyýan çekjegiň ynsanyň ýene özi boljakdygyny bildiripdir. Kuranda şeýle buýurýar:

«Adamlaryň öz elleri bilen eden erbetlikleri sebäpli, gury ýerde we deňizde pitne-pisat ýüze çykdy. Olaryň (öz etmişlerinden) dänmekleri üçin Allah olaryň eden etmişleriniň käbirini (bu dünýäde) özlerine dadyrar». (Rum sür. aýat 41)

Beýik Allatagala älemi bir nyzam içinde ýaradyp, adamzadyň hyzmatyna beripdir. Oňa beýleki jandarlardan tapawutlylykda pikirlenmek, akyl ýetirmek ukybyny-da beripdir. Adamzat bu aýratynlyklary bilen beýleki jandarlary-da edara edýär we olardan peýdalanýar. Allatagalanyň ynsana beren bu mertebesi, öz ýany bilen Ýaradana şükür etme we her bir zada jogapkärçilikli çemeleşme borjuny hem getirýär. Adamzadyň nygmatlara şükür etmek meselesine örän gowşak garaýandygy Kuranda şeýle beýan edilýär: «(Eý, ynsanlar!) Biz sizi bu dünýä ýerleşdirip, ol ýerde siziň üçin güzeran enjamlaryny ýaratdyk. Ýöne siz (şol nygmatlara) az şükür edýärsiňiz!» (Agraf sür. aýat 10).

Bu aýaty kerime umumy manyda ekologiki ulgamda bozulma we kirleme emele geljegini, munuň sebäbiniň hem adamzadyň özüdigini mälim edýär.

 

Daş-töweregimizi tämiz saklamak

 

Allatagala tebigaty adamzadyň hyzmatyna beripdir. Onda adamzat özüne hyzmat edýän bu nygmatlardan ýerlikli peýdalanyp, köçeleriň, baglaryň, tokaýlaryň, çölleriň, akar suwlaryň, deňizleriň, gysgaça daş-töweregimiziň tämiz saklanmagyna we goralmagyna ähmiýet bermelidir.

Tämizlik, Kurany Kerimiň iň köp üstünde durýan meselelerinden biridir. Kurany Kerimiň ilkinji gelen aýatlarynyň biri şeýledir. «Lybasyňy (ähli hapalardan) päkize tut!» (Müddessir sür. aýat 4) sözi, dinimiziň tämizlige berýän ähmiýetini görkezýär. Başga bir aýatda bolsa şeýle buýrulýar: Muhammet pygamber (S.A.W): «Tämizlik imanyň ýarysydyr» manyly hadysynda beden, egin-eşik, ýer we iýmit tämizligini göz öňünde tutupdyr, tämizlige ähmiýet bermeýän adamlaryň bolsa imanynyň ýarym boljagyny nygtapdyr.

Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) Allatagalanyň razylygyny gazanmak maksady bilen daş-töweregi tämiz we aýawly saklamak ugrunda edilen her bir hereketi «sadaka bermek» bilen deň hasaplapdyr. Bu manydaky hadyslardan birinde şeýle buýrulýar: «(Gatnalýan) ýoldan adamlara ezýet berýän bir zady aýyrmak, sadakadyr»

Bu hadysdaky «ýoldan adamlara ezýet berýän bir zady aýyrmak» sözi, ýoluň üstünde biten ýa-da galyp-gaçan tiken, haýwan dersi, daş, kerpiç, her dürli çör-çöp, hapa mysaly närseleride; gykylyk, goh-galmagal, dawa-jenjel, edebe ters geýinmek, ahlaksyzlyk mysaly umuman adamlary birahat edýän hereketleride öz içine alýar. Aslynda adamzada sogap gazandyrýan bu işleriň ilkinji nobatda onuň öz bähbidi üçin amatlydygy bolsa hemmämize mälimdir.

Dinimizde ýaşyl öwüsýän tebigaty (agaçlary we gök ösümlikleri) köpeltmek we gorap saklamak.

Allatagalanyň bendelerine eçilen taýsyz nygmatlaryndan biri-de dünýämiziň bezegini we arassa howasyny üpjün edýän agaçlardyr, ýaşyl ösümliklerdir.

Dinimiziň bagy bossanlyga, miweli we miwesiz agaçlara berýän ähmiýetini her pursat görmek bolýar. Kurany Kerimde jennet nygmatlary göz öňünde janlandyrylýarka hurma, nar, injir, zeýtun, üzüm ýaly miweleriň we öri meýdanlarynyň, tikensiz gür baglaryň, goýy kölegeleriň we suwlaryň atlary ýatlanyp geçilýär.

Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) Mekkeden Medinä göçeninden soň ilkinji başyny tutan işi-de Medinäni we töweregini bag-bakja öwürmek bolupdyr.

Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) hadysynda buýurýar: «Kyýamat gopmaga başlanda, biriňiziň elinde bir agaç nahaly bolsa we kyýamat gopmazdan owal ony oturtmaga güýji ýetse dessine oturtsyn».

Hezreti Pygamberimiz (S.A.W) başga hadysynda şeýle diýýär: «Bir musulman bir agaç oturtsa ýa-da bir ösümlik ekse, ondan guş, adam ýa-da haýwan iýse, bu onuň üçin sadaka bolar».

Tebigatyň öz akymlaýyn dowam etmeginde agaç ekip, tokaý zolagyny döretmeklik uly ähmiýete eýedir. «Her kim bir agaç ekse ýadygär, dünýäň kitabynda onuň ady bar» diýen sözlerden ugur alyp, biz hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek üçin zähmetimizi gaýgyrmaly däldiris.