DAÝHAN  ARZUWY

1.png

    Sakarçäge etrabynyň “Gülüstan” daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri bereketli hasylyň düýbüni tutmak işiniň gerimini giňeldýärler.

     Daýhan birleşiginiň baş agronomy Abdyresul Garlyýew bilen bolan gürrüňdeşlikde, ol hojalykda tehnikanyň güýji bilen ýerine ýetirilmeli işleriň talaba laýyk berjaý edilýändigini, daýhan birleşigine degişli “MTZ-80” we “MTZ-82” kysymly traktorlaryň 9-synyň bardygyny, olaryň ekiş möwsüminde saz we gurat işledilmegi üçin abatlanylandygyny aýtdy. Ýerleri gowaça ekişine taýýarlamakda kuwwatly tehnikalara erk edýän ezber mehanizatorlardan Çoluk Geldimyradow, Çary Gurbanow, Daýanç Çaryýew ekişe çenli geçirilýän agrotehniki çäreleri birkemsiz ýerine ýetirýärler.

     Gallaçy kärendeçileriň yhlasy bilen hojalyk boýunça 1170 gektar meýdanyň ýaşyl öwüsýän maýsalary göreni guwandyrýar. Şonça meýdanyň 690 gektary medeni çäkde, galany bolsa Oguzhan ýaýlasynda ýerleşip, kärendeçileriň 411-si birleşen tagalla daýanyp, ak ekinleriniň idegini ýetirýärler. 

    Gyşyň ýagyş-garyny özüne siňdirip, ýazyň mylaýym howasynda endigan ösýän ýaşyl maýsaly meýdanlar gözýetime uzaýar. Bu ýerler goňşy kärendeçiler Atanyýaz Garlyýewe, Döwran Annageldiýewe, Süleýman Baýýaýewe degişli. Ekinlerine üçünji suwuny berip, gerekli dökünler bilen gurplandyran kärendeçiler bol hasyla umyt baglaýarlar. Ýyllyk borçnama abraýly hötde gelmek, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyny zähmet sowgatly garşylamak tejribeli gallaçylaryň her biriniň arzuwy. Olar kärende ýerleriniň her gektaryndan 45-50 sentner hasyl almaga borçlanýarlar.

    Hojalygyň babadaýhanlary pagtadyr bugdaýdan başga 18 gektar meýdana ýeralma ekdiler, 125 gektara süýjülik ekini bolan şugundyry, 20 gektar meýdana gök we bakja ekinlerini ekmegi göz öňünde tutýarlar, 4 gektar meýdany tutýan üzümçilikde ideg işleri alnyp barylýar. Mahlasy, hojalygyň babadaýhanlary baharyň ilkinji günlerinden başlap, ekleýjimiz ene topraga maňlaý derini dökýärler.     

    Yhlas-azap siňen ekinleriň bol hasyl eçiljek günlerine garaşýarlar.