Daýhandan hereket – ýerden bereket

image.png

        Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalarynyň netijesinde, onuň  Türkmenistanyň agrosenagat pudagyny hemme taraplaýyn ösdürmek barada ýadawsyz alyp barýan işleriniň esasynda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda dänelik hem-de azyklyk bugdaýyň öndürilişini artdyrmak öňümizde maksat edilip goýuldy. Milli liderimiziň uly goldawy esasynda еdermen gallaçylarymyz organiki we mineral dökünler, dürli tehnikalar we gurallar, suw bilen üpjün edildi. Bu elbetde, ene toprakdan bol bugdaý hasylyny almaga özüniň oňaýly täsirini ýetirer.

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda Sakarçäge etrabynyň zähmetkeşleri Watanymyzyň uly harmanyna 45200 tonna galla hasylyny tabşыrmaga borçlanýarlar. Şu ýyl etrap boýunça bu ekin üçin 21800 gektar mes toprakly ýerler bölünip berlen, hakykatda meýilnamada görkezilenden 3220 gektar artyk özleşdirilip, bu san 25050 gektar ýere barabar boldy. Häzirki döwürde zähmetsöýer daýhanlarymyzyň yhlasy bilen bugdaýly pelleriň 95 göteriminde ekinler gök öwsüp otyr. Onuň idegi ýokary derejede ähli agrotehniki kadalary doly we öz wagtynda berjaý etmek bilen güýçli depginde alnyp barylýar.

        Etrabyň gallaçylary bu gymmatly dänelik ekini öndürmek boýunça tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin maksada okgunly hereket edýärler. Bellenen sepgide ýetmek üçin bizde güýç we mümkinçilikler bar. Watanymyz üçin ýürekden zähmet çekip, ene toprakdan bol däne hasylyny aljagymyz sübhesizdir.