Dümewiň öňüni alyş çäreleri

dümew.jpg

Dümew – bu demalyş ýollarynyň, şeýle hem burnuň, gulagyň we bokurdagyň, käte konýuktiwanyň (gözüň nemli bardasynyň) zeperlenmegi bilen geçýän ýiti wirus ýokanç keselidir.

Häzirki wagtda bu keseliň islendik adama ýokuşyp bilýän A,B,С görnüşleri bardyr. Wirus sagdyn adama syrkawdan, seýrek ýagdaýlarda ýokanjy göterijilerden geçýär. Olar gepleşende, asgyranda, üsgürende dem alyş ýollaryndaky wiruslar tüýkülik, gakylyk, burun nemi arkaly daşary çykyp, howa ýaýraýar. Sagdyn adam ýokançlar bilen hapalanan howadan dem alanda ýokarky dem alyş ýollaryna düşýär, nemli bardanyň öýküklerinde köpelýärler we endotaksin(zäherli madda)bölüp çykarýar. Olar şeýle hem, durmuş hajatly zatlar:gap-gaç, polotense, oýnawaçlar, gapynyň tutawajy,telefonyň trubkasy arkaly galtaşma ýoly bilen geçip bilýär.

Dümew wirusy örän ýokuşagan bolup, onuň ýylyň islendik paslynda (köplenç güýzde we gyşda) çagalara-da,uly ýaşly adamlara-da ýokuşmagy mümkin. Dümew wirusy adam bedenine aralaşandan soň 1-3 günüň(käte birnäçe sagadyň) dowamynda keseliň görnüp duran alamaty ýüze çykmaýar. Kesel aglaba ýagdaýda duýdansyz başlanýar. Syrkaw birdenkä tapdan düşýar, gyzdyryp, üşüdip ugraýar. Bedeniniň temperaturasy 39 – 400С käte ondan hem ýokary derejä ýetip bilýär we gaýra üzülmeler ýok bolan halatlarynda 2-5 günläp saklanýar. Kellesi, bogunlary, endam-jany owranyp barýan ýaly bolýar.

Keseliň bildirip ugran sagatlaryndan başlap ýa-da ertesi kataral hadysalar(burnuň dykylmagy, bokurdagyň gijemegi, gözüň ýaşarmagy,gury üsgülewik, agyryly ýuwdunma) peýda bolup bilýär.

Bejeriş çärelerinň geçirilmeli ýeri (hassahanada, saglyk öýünde ýa-da öýde) baradaky meseläni maşgala we ýokanç keseller lukmany çözýär.

Bejeriş öý şertlerinde geçirilende syrkaw 18-200С temperaturaly aýratyn otagda ýerleşdirilýär hem-de aýrybaşga ýorgan-düşek, gap-gaç bilen üpjün edilýär. Oňa garaşyk edýän maşgala agzasy 4-5 gat hasadan tikilen we deslapdan ýuwlup, ütüklenen örtük(maska) bilen agzyny-burnuny ýapmalydyr. Örtügi her 2 sagatdan arassasy bilen çalşyp durmak zerurdyr. Syrkaw gyzdyrýan günlerinde ýerinden galman ýatmalydyr. Bedeniniň gyzgyny 38,50С-dan ýokarlananda oňa diňe lukmanyň maslahaty bilen gyzgyny peseldiji dermanlary içirmek mümkindir. Gyzdyrýan syrkawyň egin-eşigini ýeňletmeli. Maňlaýyna sowuk  kompres goýmaly. Oňa sowugrak suwuklyk içirmeli. Eger üşüdýän bolsa, onda aýaklarynyň aşagyna grelka goýmaly. Onuň içindäki suwuň temperaturasy 400С barabar bolmalydyr. Näsaga gyzgyn çaý bermeli.

Dümewden ejir çekýän syrkawa düzüminde A we С witaminlerini saklaýan önümlerden taýýarlanan içgileri(itburun gaýnatmasy, käşir, alma we beýleki gök önümlerdir miweleriň şiresi, bulduragan (malina), garagat(smorodina) mürepbesi garylan ýa-da limon atylan çaý, ýylyjak mineral suwlar) köp mukdarda içirmeli. Onuň iýmiti ýeňil özleşýän we beloklara baý önümlerden (ýagsyz mal we guş eti, balyk, hozlar we ş.m.), düzüminde tebigy fermentleri saklaýan ter gök önümlerden , miwelerden, turşy süýt önümlerinden ybarat bolmalydyr. Olary 6-7 gezege bölüp, az-azdan iýdirmeli. Nahardan soň näsaga iýmit sodasynyň gowşak ergini(200ml suwa ¼ çaý çemçe soda)bilen agzyny çaýkamaga kömek etmeli. Onuň ulanan gabyny iýmit sodasynyň 1%-li ergininde (1 litr suwa 2 çaý çemçe soda) 5 minutlap gaýnatmaly.Elýaglygyny, ýatylýan eşigini, ýorgandaşydyr,ýassykdaşylaryny kir ýuwujy serişde garylan suwda gaýnatmaly. Syrkawyň ýerleşen otagyny wagtal-wagtal ýelejiretmeli.Otagy 1%-li hloraminiň erginine öllenen esgi bilen süpürip durmaly. Syrkaw bilen her gezekki galtaşykdan soň elleriňi sabynlap ýuwmaly.

Ähli ýiti respirator wirusly kesellerde bolşy ýaly, dümewde hem özbaşdak bejeriş geçirmek maslahat berilmeýär. Lukmana näçe ir ýüz tutulsa, keseli tiz we gutarnykly bejermäge  şonça-da köp mümkinçilik döreýär.

Wiruslara garşy dermanlary(kagosel, interferon, anaferon, remantadin,oksolin mazy)kesel başlanandan soň ilkinji 48 sagadyň dowamynda (lukmanyň maslahaty bilen) ulanmak möhümdir. Şeýle hem dermanlyk otlaryň:çopantelpegiň(romaşka), bidenegiň(şalfeý), sarygüliň(zweroboý), sosnanyň pyntyklarynyň melhemlikleriniň bugundan dem almagy(ingalýasiýa) maslahat berýär.

Düwewiň öňüni almak ony bejerenden ýeňildir, ygtybarlydyr. Munuň üçin aşakdaky çäreleri berjaý etmeli:

  1.Elleriňi ýygy-ýygydan,(ylaýta-da daşardan geleniňden soň) 2-3 minutlap sabynlap ýuwmaly. Elleşilende wirus näsagdan sagdyn adama geçip bilýär. Gözler owkalananda, çörek iýlende ol hapa eller arkaly bedene aralaşýar.

  2.Öýde we işde telefonyň trubkasyny, kompýuteriň syçanjygyny we klawiaturasyny süpürip durmaly.Şeýle maksat bilen bakteriýalara garşy täsirli salfetkalary ulanmaly. Gap-gajy, el süpürgiçleri we durmuş hajatly beýleki zatlary şärikdeşlikde peýdalanmakdan saklanmaly.

  3.Ýaşaýyş üçin derwaýys maddalara baý önümleri ýeterlik iýip-içmeli. Aýratyn hem immunitetiň gowşamak we mikroblaryň ýokuşmak ähtimallygy ýokary bolan güýz-gyş pasyllarynda iýmitiňe üns bermeli. С witamininiň çeşmesi bolan önümleri (bolgar burçy, kiwi, itburun, duzlanan kelem, sitrus miweler we ş.m.) hem ýatdan çykarmaly däl.

  4.Zerurlyk bolmasa adamlaryň köp üýşen ýerine barmakdan gaça durmaly.

    5.Suw-sport çäreleri bilen immunitetiňi pugtalandyrmaly. Munuň özi diňe bir ýokançlara däl, eýsem, beýleki kesellere hem garşy durmaga kömek edýär.