“EŞRETLI  KENARYŇ”  ÖNÜMLERI

eshretli kenar.jpg

    Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk çygryň — telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Hususyýetçilere döwlet tarapyndan degerli kömek-goldawlaryň berilmegi Garaşsyz döwletimizde telekeçiligiň kuwwatly öndüriji güýç hökmünde öňe çykmagyna itergi berýär. Önümleriň we harytlaryň bolçulygyny döretmekde, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyrmakda bitirilýän il bähbitli işleriň göwrümi giňeýär.

    Baýramaly şäheriniň çäginde ýerleşýän “Eşretli kenar” hususy kärhanasy hem ilhalar önümleri bilen tanalýan kärhanalaryň biri. Bu ýerde polietilen haltajyklar we polipropilen turba öndürilýär. Kärhanada 40-dan gowrak işgär zähmet çekip, önümçilik üç çalşykda alnyp barylýar.

    Kärhana guramaçy ýigit Baýramgeldi Berdimyradow ýolbaşçylyk edýär. Önümçilik sehiniň müdiri Nurgeldi Berdimyradow bu ýerde işleriň göwnejaý ýola goýlup, öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarydygy barada gürrüň berdi. Şeýle hem ol kärhananyň önümlerine islegiň hemişe ýokary bolmagynda galýandygyna ünsümizi çekdi. Sehiň ýolbaşçysy bizi bu ýerde polipropilen haltalaryň önümçiligi bilen tanyşdyryp, şeýle gürrüň berdi:

— Kärhanamyzda üstümizdäki ýylda meýilnama boýunça polietilen haltajyklaryň 180 tonnasyny, polipropilen haltalaryň 280 tonnasyny, polipropilen turbalaryň 257 tonnasyny öndürmegi maksat edilýär. Ýylyň ilkinji aýlaryndan gazanýan netijelerimiz bellenilen sepgide abraý bilen ýetjekdigimize şaýatlyk edýär.

    Bu hususy kärhana çig mal Balkan welaýatynyň Gyýanly polimer kärhanasyndan alnyp, bökdençsiz önümçilik gazanylýar. Kärhananyň baş hasapçysy Ýakup Wepaýewiň gürrüň bermegine görä, bu ýerde ýokary iş öndürijiligi üpjün edilýär. Önümçiligiň ýokary netijeliligi gazanylýar. Kärhanada naharhana, dynç alyş otagy işçileriň hyzmatynda. Işçilere iş we dynç alyş şertleriniň döredilmegi olaryň öndürijilikli işlemeklerine ýardam edýär. Hususy kärhanada önümçiligiň öňdebaryjylarynyň göreldesi köplere nusga bolýar. Olardan dokmaçylar Hurma Oranowa, Läle Öwekowa, ussalardyr işçiler Gadam Berdiýew, Mergen Sähedow, Mekan Durdyýew, Ýusup Annaýew we beýlekileriň yhlasly-tagallalary işiň ilerlemegine ýardam edýär. Kärhananyň adamlary Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylyny uly üstünliklere beslemek ugrunda aladalanýarlar.

t_eng.jpge6450f10.jpg