Fitoterapiýa lukmançylygyň gadymy ugurlarynyň biridir.

zirk.jpg

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopediki kitabynyň peşgeş berilmegi diýseň buýsandyrýar. Türkmeniň milli ensiklopediýasyna öwrülen deňsiz-taýsyz eserleri dermanlyk ösümliklerden dürli dermanlary taýýarlamagyň usullaryny özleşdirýän hünärmenler üçin esasy gollanmadyr. Ýurdumyzda lukmanlar üçin melhemlik ösümlikleri dürli keselleriň öňüni almakda we bejermekde ähmiýeti bimöçberdir.

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ajaýyp kitapda dürli kesellerde ulanmak mümkin bolan melhemleriň, şireleriň, şerbetleriň, şypaly çaýlaryň düzümi, olardan derman görnüşlerini taýýarlamagyň we ulanmagyň düzgünleri görkezilýär. Bu bolsa lukmanlaryň işinde derman ösümlikleri giňden ulanmaklyga mümkinçilik döredýär.

Zirk – bu derman serişde hökmünde Gadymy Wawilonda, Hindistanda belli bolupdyr. Dermanlyk serişde hökmünde Zirkiň hemme bölekleri ulanylýar. Zirkiň kökleriniň gabyklarynda berberinden başgada oksiakontin alkoloidi, şonuň ýaly-da palmitin bardyr. Zirkiň miweleri şekeri, karotini, K,  С witaminleri (172mg%), limon, alma turşularyny, alkaloidleri (berberini), dubil, pektin, reňkleýji serişdeleri, mineral duzlary özünde jemleýär. Ýapraklarynda dubil we smolaly serişdelerini, efir ýagyny, С, E witaminlerini, alma turşusyny, karotini saklaýar. Şahalarynyň gabyklarynda  alkaloidler, dubil, reňkleýji serişdeler, şepbik (smola) serişdeleri bar. Köklerinde bolsa alkaloidler, berberin bardyr.

Zirki aprel, maý aýlarynda, ýaňy gülläp başlan wagty ýapraklaryny, köküni bolsa güýzde 10-15 sm uzynlykda alynýar we dermanlyk serişde taýýarlanýar. Her gün zirkiň birnäçe dänesini iýýän adam özüni sagat duýýar, şadyýanlygy bilen özgelerden tapawutlanýar.

Lukmançylykda zirkiň köküniň demlemesi öýken sowuklamasynda, üsgülewükde peýdalydyr hem-de ol suwsuzlygy gandyrýar. Onuň miweleri işdäňi açýar, aşgazany berkidýär, gan basyşy peseldýär, muskullaryň ýygrylmagyna, damarlaryň gysylmagyna, öt haltanyň tonusynyň ýokarlanmagyna (ol bolsa ödüň gowy akmagyna kömek edýär), sowuklama hadysa garşy peýdalydyr. Zirkden alnan berberin lukmançylyk amalynda giňden ulanylýar. Zirkiň ekstrakty aýal kesellerde gan duruzyjy hökmünde hem ulanylýar. Köküniň ekstrakty aşgazan şirelerini güýçlendirýär, iýmit siňdirişi kadalaşdyrýar. Şeýle-de bronhitlerde, plewritlerde, diş etleriniň, böwrek we peşew ýollarynyň sowuklamalarynda ulanylýar. Zirkiň 2 nahar çemçesi owradylan miwesini 1 bulgur suwda 30 minut gaýnatmaly, soňra süzmeli we öňki mukdaryna ýetirmeli, 50-100 ml möçberde nahardan öň içmeli. Gepatitlerde (sarylamalarda) owradylan zirkiň köküniň ½ çaý çemçe 1 bulgur suwda 30 min. Gaýnatmaly, sowatmaly, süzmeli we 1 çaý çemçeden günde 3 wagtyna içmeli. Şahajyklaryny guradyp, hyýardyr, pomidory duza ýatyrlanda oňa goşsaň saglyga peýdalydyr. Şeýle-de zirkden kompot, mürepbe taýýarlap iýmit hökmünde peýdalanylýar. Zirkiň käbir beýleki derman serişdeleri ýaly zyýanly täsirleri hem bardyr. Şonuň üçin hem ulanmazdan öň lukmanlar bilen maslahatlaşsaňyz ýerlikli bolar diýip hasap edýäris.