GARAKÖLÜŇ ÝAÝLALARYNDA

aaa

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Ýolöten etrabynyň “Garaköl” maldarçylyk hojalygynyň uzak örülerdäki çopan goşunda myhman bolanymyzda, hojalygyň başlygy Taýyr Akmyradowyň maldarlaryň halyndan habar almaga gidendigini aýtdylar. Bizem hojalygyň 2-nji maldarçylyk fermasynyň müdiri Döwlet Allaýarow, baş mal lukmany Bazargeldi Aşyrow, tohumçylyk boýunça baş zootehnik Ahmet Akmyradow bilen goşulyşyp, sähra ýollaryna dözümli ulaga ornaşyp, giň sähra sary ýola düşdük. Ýoldaşlarymyz bilen gürrüňdeşlikde çopan-çoluklar bilen baglanyşykly rowaýata ýakyn gürrüňler ýandepderçämize bellenildi.

Adyndan belli bolşy ýaly, maldarçylyk hojalygynda dowarlaryň garaköli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Hasapda duran 67 müň baş malyň 23 müňden gowragy önüm bermäge degişli ene mallardyr. Dowarlaryň bakylýan öri meýdanlarynyň iň ýakyny 12-15, iň uzagy bolsa 70-80 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Dörtgurruk, Akyýagşy, Osmanly, Çerkezli, Agamyrat guýularynyň suwy şorrak bolsa-da, mallara içmäge ýaramly. Ýapy ýüzünden mäleşip suwa inýän goýun-geçilere gözümiz düşende çopan zähmetine hormatymyz artdy. Süri geçen ýylyň awgust aýynda sagdyn toklularyň 816-sy saýlanyp-seçilip döredildi. Mal bilen bagry badaşan çopandyr onuň kömekçileri maldarçylygyň düşewüntli hem girdejili pudakdygyny aýtdylar.

— Garaköli dowarlaryň guzujyklary-da sagdyn bolýar. Ene mal guzlan badyna guzujygy onuň yzyna düşüp gidiberýär. şu-da garaköli malynyň aýratynlyklarynyň biri. Süýdünden sargan, ýüňünden ýorgan bolýan goýun malynyň isrip zady ýok — diýip, dowardarlar gürrüň berdiler.

Birdenem nowanyň gyrasyndaky daşy ýalap duran ak serkede gözümiz eglendi. Maldarlar üçin tanyş, biziň üçin geňräk görnen bu ýagdaý barada soradyk.

— Ot örüp, meýdan gögerip ugranda mallar duz isleýär. şonuň üçin guýynyň başynda, ýataklaryň ýanynda duz kesindileri goýulýar, duzsuran mallar geregini edinýär — diýip, çopanyň kömekçileri bu ýagdaýy düşündirdiler.

Çerkezlidäki mal eýeleri bilen hoşlaşyp, mundan 20 kilometr uzaklykdaky Osmanla tarap ýola düşdük. Hojalygyň 1-nji fermasyna degişli bu süriniň baş çopany Arslan Amanowyň eýeçilik edýän 613 ene malynyň orta semizlikde, başbitin saklanylýandygyny gördük. Mal eýesi şu ýylky owlak-guzy möwsüminde 582 sany sagdyn guzy almagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Baş mal lukmany Bazargeldi Aşyrow dowarlarda esasan 5 sany keseliň duş gelýändigini, bu keselleriň öňüni almakda sanjym işleriniň wagtly-wagtynda edilýändigini aýtdy. Dowarlardan alynýan önümiň 50 göterimi mal eýesiniňki, galan 50 göterimi bolsa maldarçylyk hojalygyna degişlidir. Bu işlerde tapawutlanan çopanlardan Jumanazar Esenowy, Jumasapar Öwlýäkulyýewi, çopan doganlar Serdardyr Arslan Amanowlary, Aganazar Tekäýewi atlandyrdylar. Çopançylykda halypa-şägirtlik ýoly dowam edýär. Osmanly guýusynda çerkeziň şahasynda goýlan goçuň şahyny görüp, çarwa ata-babalarymyzyň “Gözden-dilden gorasyn” diýip, yrym eden ýagşy däp-dessurlarynyň dowam edip gelýändigine buýsandyk.