Garrygala Böwürsleni

Garrygala böwürsleni ülkämizde jülgelerde, dag derýajyklarynyň ugrunda ösüp boý almany halaýar. Ösümlik maý-awgust gülleýär, iýul-oktýabrda miweleýär. Ol tohumy we kök çykyntgylary arkaly köpelýär. Ösümligiň köki, şahajyklary, ýapraklary, gülleri, we miweleri çig mal bolup hyzmat edýär. Köküni ir baharda (mart) ýa-da güýzde (sentýabr), şahajyklaryny, ýapraklaryny we güllerini ösümlik gülleýän döwründe (maý-iýul), miwelerini bişen wagtynda (iýun-oktýabr) ýygnamaly. Olary teläriň aşagynda açyk howada umumy kabul edilen usulyýet boýunça guratmaly hem taýýarlamaly.

Garrygla böwürsleniniň düzüminde glýukoza, fruktoza, limon, alma, turşuja organiki turşulary, karotin, B, C, E toparynyň witaminleri, eý maddalary, flawonoidler bar. Halk lukmançylygynda böwürsleniň miweleri gusmanyň we sowuklamanyň garşysyna, gyzgyny peseldiji, diuretiki (peşew çykaryjy), ýara bitiriji, derlediji we umumy berkidiji derman serişde hökmünde ulanylýar.

Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň kö-künden, ýapragyndan, gülünden we miwesinden taý-ýarlanylýan petidir jöwheri hem şerbedi dem alyş ulgamynyň kesellerinde: ýiti respirator ýokançlarda, gan gusmada, traheitde (traheýanyň sowuklamasy), bron-hitde, dümewde, pnewmaniýada (öýken sowuklamasy); iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerinde: gastrit (aşgazan sowuklamasy), kolitde (ýogyn içegäniň sowuklamasy), aşgazanyň ýara-baş kesellerinde, babasylda (gemorroý), bagyr kesellerinde, sarygetirmede; ýürek-damar ul-gamynyň kesellerinde: stenokardiýada, aterosklerozda (gan damarlarynyň diwarynda atrosklerotiki blýaşkalar bilen daralmagy), gipertoniýada (arterial gan basyşyň

ýokarlanmagy); ýokanç kesellerde: öýken inçekeselinde, gijilewikde, dizenteriýada (ganly iç geçmede); agyz boşlugynyň kesellerinde: başly stomatitda, gingiwitde (diş etiniň sowuklamasy), peýdalanylýar.

Mundan başga-da ösümligiň ýerüsti böleginiň peti bilen jöwheri deri kesellerinde: ekzemada, dowamly we trofiki başlarda, dermatozlarda, düwürtiklerde; böwrek we peşew ýollarynyň kesellerinde: piýelonefritde (böwrek sowuklamasy), böwrek daş kesellerinde; gulak, burun, bokurdak kesellerinde: anginada, faringitde (damagyň sowuklamasy), göz kesellerinde; ruhy kesellerde: kakynda, newrasteniýada; endokrin ulgamynyň kesellerinde: süýjikeselde; ýylan we mör-möjekler çakanda ulanylýar.

    Ylmy lukmançylykda ösümligiň antibakterial ( bakteriýalara garşy) we antiprotozoý (gurçuklara garşy) işjeňligi ýüze çykaryldy. Ösümligiň 2 nahar çemçe (30g) owradylan ýapragyny 2 bulgur (400ml) gaýnag suwa atyp, 30 minut goýmaly. Soňra hasa bilen süzmeli. Taýýar bolan jöwheri her gün 3 wagtyna nahardan 30 minut öň, ½ bulgurdan, (100ml) içmeli. Ösümligiň 1 nahar çemçe (15g) owradylan köküni 1 bulgur (200ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda pessaý otda 10 minut gaýnatmaly, sowadyp süzmeli. Emele gelen peti günüň dowamynda her 2 sagatdan 1 nahar çemçeden (15ml) kabul etmeli. Ösümligiň 1 nahar çemçe (15g) ýapragyny bir bulgur (200ml) gaýnag suwa atyp, syrçaly gapda haýal ýanýan otda 5 minut gaýnatmaly. Soňra hasadan geçirmeli. Taýýar bolan peti günde 3-4 ýola nahardan 30minut öň, ½ bulgurdan (100ml) içmeli. Ösümligiň 1 nahar çemçe (15g) bişen miwesini ½ bulgur (100ml) araga atyp, agzy berk ýapylýan aýna gapda garaňky ýerde 10 gün goýmaly. Arasynda çaýkap durmaly. Soňra hasadan geçirmeli. Emele gelen şerbedi her gün 3 gezek nahardan öň, 1 çaý çemçeden kabul etmeli.