Gelse Nowruz äleme!

Без названия (2).png

Dünýä halklarynyň durmuşynda orun alan birnäçe baýramlar bar. Olaryň içinde Nowruz baýramy aýratyn orun eýeleýär. Bu baýram esasan-da Gadymy gündogarda uzak asyrlaryň dowamynda bellenilip gelnipdir. Häzirki döwürde bu baýramyň halkara derejesinde bellenilmeginiň, ägirt uly ähmetiniň bardygyny görkezýär. Şu jähetden bu şanly baýram güneşli türkmen topragynda milli gymmatlyklarymyzyň howandary hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen giňden bellenilip, milletleriň jebisleşmegine hem-de umumy taryhy ýörelgeleri wagyz etmäge, olaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär.

“Nowruz” pars sözi bolup, ol “täze gün” diýmegi aňladýar. Nowruz döwründe ygalyň mukdary artýar. Diňe demirgazykda sowuk howa saklanylýar. Üç aý gyşdan soň, tebigatda gülleýiş başlanyp, janly-jandarlaryň hereketi artyp, guş-gumrularyň owazy bütin töweregi gurşap alýar.

Nowruz döwründe hemme ýer gülüstanlyga öwrülip,  ekrançylyk işleri başlanýar. Rysgalyny ene ýerden agtarýan babadaýhanlarymyz “Ýylyň gelşi nowruzdan belli”, “Nowruzda hiç bolmanda ygal geçiň şahyny ezse-de, hasyla garaşyber”, “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Nowruz gelse, buz durmaz, halady geçen-gyz ” diýmek bilen ekin-dikin işlerine girişýärler. Ýyl turuwbaşdan ygally gelse, “Arpa altmyş günde, bugdaý togsan günde” diýen nakyla eýerip, dag eteklerinde ýazlyk düme ak ekinler ekilýär.

Nowruz baýramyndan soň kem-kemden gündiz uzalyp ugraýar. Ene ýeriň Günden köp mukdara ýylylyk almagy netijesinde gyrymsy we miweli agaçlar gülläp, ýaprak çykaryp, gök öwsüp ugrýar. Haýwanat  dünýäsinde hereket hasda janlanýar. Asman şalygynda garlawaçlaryň, hüýpüýpikleriň şadyýan sesleri artyp ugraýar. Guşlaryň uçup geçmesi adamlarda täsin duýgulary oýarýar. Ilki bilen guwlar we gazlar, soňra hatar gurap durnalar demirgazygyň güneşli çemenliklerine sary rowana bolýarlar. Bu döwürde çarwadarlaryň hysyrdyly işleri artyp, owlak-guzular alynýar.

Nowruzda göwün ganatlanýar. Kalpda joşgun, köňülde ylham döreýär. Munuň özi ynsan bilen tebigatyň özara arabaglanyşygynyň netijesidir.

Goý, gülleýişiň baýramy bolan Nowruz bagtyýar halkymyza ruhy ganat bersin. Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun. Halkara Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!