Gök önümleriň peýdasy

gok(1).jpg

Gök önümler iýmitiň deregini tutup bolmajak bölegi bolup durýar. Olaryň esasy ähmiýeti – düzüminde ýeňil siňýän maddalaryň, esasanda uglewodlaryň bardygy bilen baglanyşyklydyr.

Gök önümlerde adam bedeni üçün gerekli bolan witaminler we mineral duzlary, şeýlede belok,organiki kislotalar, efir ýaglary saklanyp iýmitiň gowy özleşmegine tasir edýärler.

Ýer almasynyň düzümi krahmala baý bolsa,şugundyr şekere, gök nohut beloga baýdyr. Şol sebäpdenem gündelik iýmitimiziň düzüminde gök önümleriň dürli görnüşleri bolmalydyr.

Olary mümkün boldygyça çig görnüşinde, şeýlede dürli naharlary taýýarlamak üçün peýdalanmaly. Gök önümleri etden, balykdan taýýarlanan naharlara goşmaklyk iýmitiň gowy siňmegine täsir edýär, naharyň tagamyny gowylaşdyrýar.

Olaryň ähmiýeti berhizliler üçün has hem ulydyr. Dürli aşgazan-içege, bagyr kesellerinde berhiz saklananda gök önümleri gaýnadylyp owmaçlanan görnüşinde iýmeklik maslahat berilýär.

Gök önümleriň daşlary dürli kesel dörediji mikroplar, dürli soguljanlaryň ýumurtgalary bilen hapalanyp bilýär. Şol sebäpli gök önümlerini ulanmazymyzdan öň gowy edip gaýnadylan suw bilen ýuwmagy unutmaly däldir.

Gök önümleriň daşlary arassalananda örän ýuka edilip artylmaly, sebäbi witaminler we mineral elementler köplenç gabygyň astynda ýerleşýärler.

Gök önümlerden dürli dürli işdaaçarlar taýýarlanyp gündelik saçaklarymyza goýulsa uzak ýyllaryň dowamynda bedende witamin ýetmezçiliginiň öňini alyp, kesellere garşy durnuklylygymyzy ýokarlandyrar.