Gripp keseliň howpy näme?

unnamed.png

Gripp sözi fransuz sözünden gelip çykan “gripper” ýagny tutmak, ýapyşmak manynuy aňladýar.

Gadymy döwürde gripp sözüne derek “influensa” (bildirmän aralaşýan) sözi  ulanypdyrlar. Diýmek adamyň bedenine bildirmän aralaşyp, gripp keseliniň alamatlary duýdansyz ýüze çykýar. Bu kesel esasy dem alyş ýollaryna zeper ýetirip, adam bedeniniň gyzgynyny 3-5 güne çenli galdyrýar.

Kesellän adamda umumy gowşaklyk, endamynda, kellesinde agyry, ýürek bulanma gaýtarmaklygy ýüze çykýar we şuňa meňzeş binjalykly alamatlary duýýar. Gripp keseli bilen adamlar ýylyň dowamynda esasy güýz we gyş pasly keselleýär. Sebäbi bu döwürde howanyň sowamagy bilen adamlar köp wagtyny öýde geçirýär. Witamin ýetmezçiligi sebäpli adam bedeni gowşaýar. Has hem çagalar 6 aýlyk ýaşdan soň gripp wirusy bilen kesellemäge ýakyn bolýarlar. Sebäbi bu ýaşda olaryň bedeninde ejesiniň göwresindengeçen antitelalar peselýär. Goşmaça iýmitlendirilip başlanýandygy üçin ene süýdünden iýmitlenmegiň sany azalýar. Gripp keseli adama howa arkaly, oýunjaklaryň, gap-gaçlardan galtaşma arkaly geçýär.