GÜLLERE  BESLENEN  SENE

1.png

    Bagtyýarlyk döwrüniň gül--gülälekli bahary türkmen iline ajaýyp baýramlary getirýär. Şäher ýaşlar geňeşi ýurdumyzda bellenilýän 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli Mary şäherindäki “Bagt köşgi” dabaralar merkezinde “Zenan kalby — gyzyl gül” ady bilen Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde zähmet çekýän mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasyny gurady. Toý saçagynyň başyndaky dabara şagalaňly geçdi.     

    Onda ady agzalan okuw mekdebiniň talyplary baýramçylyk tanslary, şirin aýdymlary, gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

    Baýramçylyk çykyşlary dabara gatnaşyjylara belent ruhubelentlik eçildi. Dabaradaky gutlag sözleri bagtyýar zamana, ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormat-sarpa guwanç duýgusyny oýardy. Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerine beslendi. Dabara aýdym-sazlara utgaşdy.