Halkyň saglygy-ýurduň baýlygy

Doktor.jpg

Dünýä ýüzünde Koronawirus (Covid-19) ady bilen tanalýan köp adam pidasyna getiren bu kesel dünýäniň köp ýurtlarynda adatdan daşary ýagdaýy döretdi. Bu keseliň Türkmenistan döwletine ýaýramazlygy we onuň öňüni alyş çäreleri Çuňňur hormatlanýan Prezidentimiz, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyryldy.

Häzirki wagtda Sakarçäge etraby boýunça hem ilatyň arasynda bu keseliň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli edara-kärhanalarda, şol sanda bilim ulgamynda we ilatyň köpçülikleýin ýerlerinde zyýansyzlandyryş işleri, şeýle hem arassaçylyk-gigiýenany berjaý etmekligi ündeýän ýatlama suratlary goýuldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda, dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri barada aýdylyp, aýratyn hem Üzärlik ösümligine uly üns berilýär. Üzärlik ösümligi halk içinde gündelik giňden peýdalanylýar.

Sakarçäge şäherinde ýerleşýän etrabyň merkezi hassahanasynda adatdan daşary ýagdaýlar üçin zerur bolan enjamlar we gerek bolan dermanlar bilen üpjün edilip, taýýar edilip goýuldy.

Ýurdumyzda bolşy ýaly Mary welaýatymyzyň Sakarçäge etrabynda hem Hormatly Prezidentimiziň bu keseliň ýaýramagynyň öňüni alamak boýunça beren tabşyryklary esasanda keseliň ýaýramagynyň öňüni alyş çäreleri yzgiderli geçirilýär we berk gözegçilikde saklanylýar.

Şol geçirilýän döwlet derejesindäki öňüni alyş çäreleriniň hem-de türkmen lukmanlarynyň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde Koronawirus ýokanjynyň ýurdumyza aralaşmazlygy we ýaýramazlygy gazanylýar.