HYÝAR—PEÝDALY ÖNÜM

hyýar.jpg

    Hyýar kädiler maşgalasyna degişli bolup, ol birýyllyk ösümlikdir. Gök önümleriň içinde iň köp iýilýänleriniň biridir, özem heniz bişmänkä, çigligine iýilýär. Onuň watany Hindistandyr.

    Hyýaryň düzüminde 95-98 göterim suw bardyr, ol suwsuzlygy gandyrýar we bedeni arassalaýar. Elbetde, beloklaryň, ýaglaryň we uglewodlaryň mukdary bu gök önümde azdyr. Hyýaryň 100 gramynda   1 gram iýmit süýümleri bar, ol bolsa içegäniň işleýşini gowulaşdyrýar. Witaminlerden az mukdarda witaminiň B topary, askorbin kislotasy, E witamini we PP witamini bar. Hyýaryň düzüminde köp mukdarda kaliý bar, bu bolsa ýüregiň işleýşine örän oňaýly täsir edýär, böwrekleriň işini kadalaşdyrýar. Beýleki gök önümler bilen deňeşdireniňde hyýarda ýoduň mukdary kändir, ol galkan şekilli mäziň işini gowulaşdyrýar.

    Hyýaryň düzüminde mineral maddalardan natriý, demir, kalsiý, magniý, fosfor, hlor, alýuminiý, hrom, kobalt, sink, mis, molibden bar bolup, bular madda çalşygyny kadalaşdyrýarlar.

    Hyýaryň lukmançylykda ulanylyşy barada aýdanymyz-da, ol ter görnüşinde işdäni açmak üçin ulanylýar, sebäbi hyýar iýmit siňdiriş agzalaryndaky mäzleriň işleýşini güýçlendirýär. Beloklaryň, ýaglaryň we minerallaryň özleşmegine ýardam berýär. Onuň içiňi sürýän täsiri güýçlüdir, ol iç gatamanyň aýrylyp gitmegine-de kömek edýär. Hyýaryň öt akdyryjy we buşukdyryjy täsiri bolup, ol  bedendäki çişlerden dynmaga kömek edýär we ýürek- -damar we iýmit siňdiriş agzalarynyň kesellerinde-de peýda berýär.

    Hyýar horlanmak isleýänlere peýdalydyr, sebäbi ol pes kaloriýaly önümdir. Adamyň ýüzündäki menekleri aýyrmakda, ony arassalamakda, ýaglylygy we örgünleri ýok etmekde hyýaryň peýdasy uludyr. Şonuň üçin kosmetologiýada hyýar köp ulanylýar.

    Hyýaryň zyýany barmy? Aşgazanda we on iki barmak içegede ýara bolanda, turşulygy köp bolýan gastritde hyýar iýmeli däl, sebäbi ol turşulygy köpeldýär. Çaga  emdirýän ene hyýar iýse,  özüniň we çaganyň içiniň  geçmegi mümkin.    Şonuň üçin gök önümleri  kada   laýyklykda ulanmaly.