IŞLERI  ILERI GURLUŞYKÇYLAR

999

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Baýramaly şäheriniň “Demirbetonönümleri” kärhanasy hem öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Geçen — 2019-njy ýyly önümçilikde guwandyryjy netijeler bilen jemlän bu kärhananyň zähmetsöýer işçileri we hünärmenleri “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyly hem önümçilikde guwandyryjy netijeleri gazanmak bilen dabaralandyrýarlar.

— “Demirbetonönümleri” kärhanamyzyň baş wezipesi gurluşyk işlerinde giňden peýdalanylýan demir-beton önümlerini öndürmekden ybarat. Şeýle-de bolsa, kärhanamyzyň işine yhlasly işgärleri hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, önümçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmäge ýykgyn edýärler. Olar özleriniň esasy işlerinden daşary edara-kärhanalardan we ilatdan gelip gowuşýan köp sanly buýurmalar esasynda gurluşyk-gurnama işlerinde yzygiderli peýdalanylýan demir-beton önümlerini we beýleki gurluşyk serişdelerini hem öndürýärler. Bu bolsa halkyň ösen isleginiň kanagatlanmagyna hem-de kärhananyň önümçiliginiň ilerläp, ykdysady ýagdaýynyň ýokarlanmagyna goltgy berýär — diýip, kärhananyň direktory Abdylla Baýramdurdyýew gürrüň berdi.

Hawa, berlen maglumatlara görä, 2019-njy ýylda kärhana meýilnama boýunça  10. 281 790 manatlyk gurluşyk önümlerini öndürmeli bolsa, bu görkeziji hakykatda 14. 214 290 manatlyk bolupdyr. Ösüş depgini 138,25 göterime deň bolupdyr. Ýokarda ýatlanan görkezijiler kärhananyň her bir işçisiniň gözlegli hem-de döredijilikli zähmet çekmeginiň netijesinde gazanyldy. Bu ýerde armatura sehiniň dokaýjysy Döwrangeldi Jumadurdyýew, armatura kesiji şanyýaz Gulhanow, kebşirleýji Seýitnazar Höjekow, önümçilik ussasy Toýly Annaýew we beýlekiler önümçiligiň öňdebaryjy işgärleri hasaplanylýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri diňe bir önüm öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, hormatly Prezidentimiziň öňe süren şäher gurluşyk maksatnamasyna laýyklykda şäherlerde we obalarda täze binalary, önümçilik desgalaryny hem-de ýaşaýyş jaýlaryny gurmak işlerine-de işeňňir gatnaşýarlar. Kärhananyň binagärleri 2019-njy ýylda Baýramaly şäherinde iki gatly, sekiz öýli ýaşaýyş jaýynyň ikisiniň gurluşygyna gatnaşyp, binalary dabaraly ýagdaýda öý eýelerine gowşurdylar.

Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna kärhananyň ýolbaşçysynyň orunbasary Döwlet Çaryýew ýolbaşçylyk edýär. Ol her bir otagyň hiline, bezeg aýratynlygyna, lagym, elektrik, gaz we suw geçirijileriň gurluşyna hem-de öýleriň bezelişine aýratyn üns berýär. Netijede, döwrebap, owadan jaýlar peýda bolýar.

Uly ynam, aýdyň maksat bilen işleýän kärhananyň işgärleriniň ümzügi öňe.