KÄRINE  WEPALY — TAPAR  KEMALY

qqq

 

  Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly ösüşlere ýetilýär. Şol sanda oba hojalygynda alnyp barylýan işler hem özüniň oňyn netijesini berýär. Ýurdumyzda daýhanlara işlemäge, topraga hyzmat edip, halal baýamaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem oba hojalyk önümleriniň döwlet satyn alnyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, ýygnalan hasyl üçin hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi daýhanlary has-da höwesli işlemäge ruhlandyrýar.

Ýaz paslynyň gelmegi bilen daýhan üçin möhüm we jogapkärli möwsüm başlandy. Ýagny, bir tarapdan, ak ekine ideg etmeli bolsa, ikinji tarapdan, gowaça ekişini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Muňa oňat düşünýän Sakarçäge etrabynyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem gadamlaryny gowşatman, uly ynam bilen zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň 7-nji toparyna Aýgözel Atadurdyýewa ýolbaşçylyk edýär. Bu toparyň agzalary 82 gektar ýerde ak ekiniň idegini ýetirýärler. Toparda kärendeçileriň 64-si zähmet çekýär.

Aýgözel gelnejäniň 8 gektar bugdaý ýeri bar. şeýle hem ol 3,5 gektar ýere gowaça ekmek üçin taýýarlyk işlerini geçirýär. Oňa bu işde ýanýoldaşy Halymberdi, ogly Pena, gelni Güljan ýakyndan ýardam berýärler. Ömür örküni topraga baglan zenan «Öýe girse — zenan, pele çyksa — daýhan» diýilýänlerden. Ol kärende ýerine ideg etmek bilen bir hatarda toparyndaky kärendeçileriň arasynda bolup, olara gerekli maslahatlary berýär.

Biz Aýgözel gelneje bilen Hommatgeldi Berdiýewiň 1 gektar kärende ýerinde gabatlaşdyk. Şol wagt hojalygyň başlygy Muhammetjuma Gulamow hem ýanymyza geldi. Ol topar ýolbaşçysy A. Atadurdyýewanyň we kärendeçileriň öwgüsini ýetirdi:

— Aýgözel ýadamany, ýaltanmany bilmeýär. Bir görseň, kärende ýerinde işleýändir, bir görseňem, kärendeçileriň arasynda aýlanyp, olaryň işleri bilen gyzyklanyp ýörendir. Onuň topar agzalaram döwlete pagta, bugdaý tabşyrmakda şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýärler.