KÜREKLEMEK ÝARYŞY

küreklemek.jpg

2020-nji ýylyň maý aýynyň 03-ne Ýolöten etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň küreklemek sport mekdebinde “Türkmenistan Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli ýörite meýilnama esaynda sportuň suwda küreklemek görnüşi boýunça Mary welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Bu geçen ýaryşa 3-topar gatnaşyp ýaryşa 40-dan gowrak welaýatymyzyň türgenleri 200 m,500 m,1000 m aralykda  güýç synanşdylar. Olardan Ýolöten etrabynyň 1- nji topary ýeňiş gazanmagy başardylar, II-nji baýrakly orna Ýolöten etrabynyň 2-nji topary mynasyp boldy. 3-nji ýeri Murgap etrabynyň ýaş kürekçileri eýelediler. Olardan Gulamow A 200 m aralygykda I- oruny, Jumaýew  G 500 m aralykykda I-oruny, Meredow A 1000 m aralykda I- oruny, Jumaýew  S 200 m aralykda I-orun, Saryýew  S 1000 m  aralykda I-oruny hasa-da tapawutlandylar.

Şeýle ýaryşlaryň geçirilmegi öňümizde geçiriljek döwlet ýaryşlaryna uly  taýýarlyk boljakdygy ikiuçsyzdyr.