Milli Liderimiziň Mary welaýatyna iş sapary

1     
    Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany”diýip atlandyrmak baradaky başlangyjy ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini beýan edýän özboluşly çagyrydyr. Gözbaşyny Milli Liderimiziň aladasynda alyp gaýdýan ýurdumyzyň her bir pudagynda gazanylýan üstünlikler döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyryp, syýasy abraýyny nusgalyk  derejü göterýär. Dünýäde her bir halk öz medeniýeti, sungaty, milliligi we däp- dessurlary bilen tanalýar. Bugünki günde bolsa, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen halkynyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýeti ösdürilýär we däp- dessurlary gaýtadan dikeldilýär. Bu babatda amala aşyrylýan  dünýä nusgalyk işler türkmen halkynyň at – abraýyny arşa göterip, milli medeniýetimizi , däp- dessurlarymyzy ösüşleriň belent başlangyçlaryna çykarýar. 
    Düýn, fewral aýynyň 28-ine Hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna i’ saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz, hajy Arkadagymyz Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Gurbanguly Hajy” metjidine gelip, bu ýerde aýat- töwer okady we mukaddes Mekge we Medineden gelen ýazgyny Mary welaýatynyň halkyna sowgat berdi.

     Soňra, Hormatly Prezidentimiziň öz ýiti zehininden dörän ajaýyp eseleriniň, kitaplarynyň galam hakyndan  bu ýerde  Mary welaýatyndan hormatlanýan il ýaşulusy, “Gurbanguly Hajy” metjidiniň ymamy Şamyrat aganyň ýagty ýadygärligine we halkymyzyň agzybirligine, Watan asudalygyna we raýatlarymyzyň jan -saglygyna sadaka berildi. 5 welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýaşululary, kümüş saçly eneleri, ýolbaşçylar we işgärler gatnaşyp, sadakanyň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il – ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi dileg edildi. Soňra Milli Liderimiz Mary şäheriniň  Ruhyýet köşgünde ýolbaşçy düzüminiň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. 
    Goý raýatlarymyzyň we döwletimiziň bähbitlerini ygtybarly goramak we ata Watanymyzy mundan beýläk gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak , belent başy hemişe aman bolsun!