Müňýyllyklaryň kämilligi

19.jpg

Tebigatyň we adam elleriniň döreden bu ajaýyplygyna-ahalteke bedewine ähli giňişliklerde uly gyzyklanma bildirmegiň manysy düşnüklidir. Bedew hakyndaky şöhrat asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda birjik-de egsilmändir. Munuň şeýledigine Hormatly Prezdentimiziň edýän taýsyz tagallalary şaýatlyk edýär. Ýurtda abadançylygy ösdürmegiň milli medenýeti dikeltmek boýunça amala aşyrýan işleri sanardan köp. Türkmen topragynyň buýsanjy we şöhraty bolan ahalteke bedewi türkmeniň ýüreginde orun tutdy.

Gahryman Arkadagymyz “Ganatly bedewler” atly kitabynda şeýle belläp geçýär:

“Biz sähelçe salym hem özümiziň bedewlermize berýän ünsümizi gowşatmaýarys,  sebäbi olar biziň guwanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň ruhy galkynyşymyzyň çeşmesidir. Türkmen topragynda doglan ahalteke bedewi tebigatyň we adamyň ösen zähmetiniň we akyl-paýhasynyň peşgeş beren ajaýyp sazlaşygynyň, owadanlygyň, gözelligiň we gaýtalanmajak okgunlygyň simwoly bolup durýar”.

Geçirlen gazuw agtaryş işleriň netijesinde Goňurdepede täsin tapyndylaryň üsti açylýar. Ahalteke bedewiniň kümüş heýkeli, ykjam eýerlengi atyň daş heýkeli, ýokarsy atyň nalynyň keşbinde tamamlanýan hasa diňe bir atyň ynsan durmuşyna kemsiz ornandygyny aňlatman, eýsem, sungatyň şol döwürlerde hem ýokary ösendigine şaýatlyk edýär.

Kesearkajyň düzünde ýaýylyp ýatan gadymy Akjadepede (Öwlüýädepede) ýüze çykarlan taryhy tapyndylaryň-gadymy möhürleriň ýüzünde hem bedew şekillendirilipdir. Parfiýa döwrüniň ýörelgesiniň meşhur äheňi bolan uçup barýan bedewiň keşbi hem sözümüziň üstini ýetirýär. Bedew sarçylyk, gözellik, ýyndamlyk, düşbülik alamatlaryny özünde jemleýär. Atlaryň şekilleri, binalary, heýkelleri, şäý-sepleri bezäpdir.

Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli býramynyň şatlyk-şagalaň, uly joşgun bilen toýlanylmagy ahalteke bedewiniň şan-şöhratyny arşa göterýär.

Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban adamlar!