OWADAN   GUŞLAR   ZENAN   ATLARYNDA

1.png

Halkymyzyň arasynda gyz çagalara at dakylanda hemişe owadan atlary dakmaga çalyşýarlar. Türkmen tebigatymyzyň gözelligi hasaplanýan owadan guşlaryň atlary gyz çagalara dakmakda giňden ulanylýar. Guşlar özleriniň owadanlygy, edalylygy, ýakymly sesleri bilen tapawutlanýarlar. Enelerimiz hem guşlar ýaly owadan hem edaly bolsun diýen yrym-niýet bilen gyz perzentlerine guş atlaryny dakypdyrlar. Olar akguş, tawus, käkilik, bilbil, durna, laçyn, sülgün, gumry ýaly dürli guşlaryň atlaryny göterýärler. Çaga haýsy guşuň ady dakylsa, onuň häsiýeti hem şonuňka meňzeýär diýlip düşünilýär. Bu guşlaryň käbirleri bilen tanyş bolalyň!

 

LAÇYN

Laçyn dag guşy bolup, onuň algyr, ýyndam gözleri ýiti bolýar. Şeýle hem laçyn elguşy awçylykda eýesine wepaly bolýar. Şonuň ýaly-da bu ady göterýän gyzlar erjelligi, maksada okgunlylygy, hereketiniň çalasynlygy bilen tapawutlanýarlar.

 

TAWUS

Tawus guşy dünýäde owadanlygy, guýrugynyň uzynlygy bilen beýleki guşlardan tapawutlanýar. Ol sowuga örän çydamly guş hasaplanýar. Bu guş sülgünler maşgalasyna degişli bolup, gök we ýaşyl reňkdedir. Şeýle hem tawus guşunyň ýeleklerini giňden açyşy ýaly, bu at dakylan gyzlar hem elaçyk bolýar diýlip düşünilýär.

 

SÜLGÜN

 Sülgün ady gyzlara köp dakylýar. Ol ýurdumyzyň dürli ýerlerinde duş gelýär. Bu guşlar ýelek örtüginiň, ýumurtgalarynyň reňkleriniň dürlüligi, ýaşaýan ýerleri boýunça tapawutlanýarlar. Olar juda hüşgär guş hasaplanýar. Sülgünlere owadan görnüşde güsürdäp uçmak, edil zer çaýylan alöýmäni göge oklan ýaly diýdirýän derejede uçmak mahsusdyr.

 

AK GUW

Halkymyz Ak guw guşunyň adyny Akguş diýip gyz perzentlerine dakýar. Bu guşlaryň ganatlary inli, boýy inçeden uzyn, owadan, şeýle hem olar suw guşlarynyňşasy hasaplanylýar. Guwlaryň hemmesi ak reňkli bolup görünse-de, dürli alamatlary boýunça bir-birinden tapawutlanýarlar. Uçuşda sürüden bölünmezlik guwlarda berk endikdir. Bu bolsa olaryň biri-birine çäksiz wepadarlygyndan habar berýär.

 

BILBIL

Bu guş saýraýan guşlar toparyna degişli bolup, hoş owazy, owadanlygy nazara alnyp, gyzlara onuň ady dakylýar. Bahar paslynyň buşlukçysy bolan bu guş ajaýyp sesi bilen adamlary özüne çekýär.

 

DURNA

Bu guşlar iri, örän täsin hem owadan guş bolup, olary güle meňzedip, «Liliýa guşlary» diýip hem atlandyrypdyrlar. Dünýä halklarynyň eposlarynda ak durnalara hoşmeýilligiň, adalatlylygyň nyşany hökmünde garalypdyr. Durnalar owadan tans hem edýärler.