REMEZAN WE ORAZA

Dinimizde Remezan aýynyň örän uly ähmiýeti bardyr.

Metjit.jpg

1.  Dinimiziň mukaddes kitaby bolan Kurany Kerim, Alla Tagala tarapyndan Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama Remezan aýynda iberilmäge başlapdyr.

2.  Pygamberimiz Muhammet aleýhisselama pygamberlik wezipesi hem bu aýda berlipdir.

3.  Kurany Kerimde müň aýdan has haýyrlydygy bildirilýän Gadyr gijesi hem bu aýyň içindedir.

4.  Yslamyň bäş şertinden biri bolan we ynsany nebsiniň aşa arzuwlaryndan şeýle hem maddy hyrslaryndan gorap beýgelden oraza ybadaty hem bu aýa mahsus edilipdir. Remezan gijelerinde musulmanlaryň jemagat bolup okaýan tarawa namazy-da bu aýa degişli bir ybadatdyr.
 

Oraza

 

Oraza sözi, Parsçadaky “günlik” manysyny berýän “Roze” sözünden Türkmen dilimize Oraza görnüşinde geçipdir. Bu sözüň Kurany Kerimdäki görnüşi “sawm” we “syýam”dyr. "Sawm" sözüniň sözlükdäki manysy: iýip-içmekten özüňi saklamak, çetde durmak, berhiz etmekdir.

Yslam adalgasynda bolsa bu söz: “niýet edip imsak wagtyndan, ýagny daň ýeriniň agarmaga başlan çagyndan, tä gün ýaşýança iýip-içmekden we jynsy gatnaşykdan daş durmak görnüşindäki bir ybadaty” aňladýar. Türkmen dilimizde bu hereket “oraza tutmak” we “agyz beklemek” diýlip atlandyrylýar. Yslamyň esasyny meýdana getirýän bäş sütüniň biri hem Remezan aýynda oraza tutmakdyr. Kurany–Kerimde-Oraza, sizden önkilere parz edilşi ýaly, size-de parz edildi- (Bakara 2/183) buýrulmak bilen, orazanyň diňe bir musulmanlara däl, eýsem ynsanlyga iberilen ilkinji Pygamber Adam Atadan başlap, ondan soňky pygamberleriň we olara ynananlaryň ählisine parz edilenligini anyk görkezýär. Şonuň üçin hem oraza, ynsanlygyň başlangyjyndan bäri Alla Tagala tarapyndan ýerine ýetirilmegi parz edilen bir ybadatdyr. Çünki orazanyň ynsanyň ruhy taýdan päklenip, ahlak taýdan kämilleşmegine bolşy ýaly, başga-da birnäçe maddy we magnawy peýdalary bardyr. Ýöne käbir rowaýatlaryň daşynda öňki ymmatlara parz edilen orazanyň haçan we näçe wagtdan ybarat bolup, nähili görnüşde ýerine ýetirlenligi barada takyk maglumatlary tapmak mümkin däldir.

Oraza hijretiň ikinji ýylynda, ýagny Hezreti Muhammet Pygamberiň Mekkeden Medinä göçeninden soňraky ikinji ýylda parz edilipdir. Bu barada Kuranda şeýle buýrulýar: "Eý iman edenler! Oraza, sizden öňkilere parz edilşi yaly, size-de parz edildi. Belki (erbetliklerden) goranarsyňyz. (Bakara 2/183). “... sizden herhaýsy biriňiz bu aýa (Remezan aýyna) erişse, oraza tutsyn! (Bakara 2/185). Hezreti Pygamberimiziň hadyslarynda hem Remezan aýynda oraza tutmaklygyň Yslamyň bäş şertinden biridigi nygtalyp geçipdir. (Buhari, İman, 2).

 

Orazanyň hikmetleri we peýdalary

 

Alla Taganyň her buýrygynda bolşy ýaly orazada-da biziň üçin birnäçe hikmetler we peýdalaryň barlygy bir hakykatdyr. Oraza tutmada esasy maksat Allanyň yrzasyny gazanmak bolmalydyr. Şonuň bilen birlikde orazanyň öz içine alýan şu aşakdaky peýdalaryny-da göz öňünde tutmak biziň üçin haýyrly bolar. Orazanyň esasy peýdalary şulardyr:

1. Oraza ynsany erbetliklerden gorar

Orazanyň bir aýratynlygy hem onuň erbetliklerden goraýan bir ybadat boluşydyr. Hezreti Pygamberimiz bu hakykaty sada bir dil bilen şeýle düşündiripdir: “Oraza bir galkandyr, onda agzy bekli kişi erbet söz aýtmasyn. Özi bilen dawalaşyp gowga çykarmak isleýän kişä iki gezek gaýtalap “men orazaly” diýsin” (Buhârî, Sawm, 8). Oraza ynsany diňe bir erbetliklerden goramak bilen çäklenmän, eýsem ony jähennem azabyndan hem gorar. Çünki ynsany jähenneme sokýan zat, erbetlikdir. Erbetlikden uzaklaşan, jähennemden-de uzaklaşar. Her erbetligiň başy-da Allany unutmakdan we borçlulyk duýgusyny ýitirmekden meýdana gelýar. Oraza bolsa bize elmydama Allany ýatladýar we borçlulyk duýgusyny has hem berkidýar. Bir aýlap dowam edýän bu magnawy terbiýäniň netijesinde Alla gorkusy ýüreklere ýerleşip ynsany dürli erbetliklerden uzaklaşdyrýar.

2. Oraza ahlagymyzy bezär

Oraza, belli bir wagtyň içinde ýönekeý bir aç galma hereketinden ybarat däldir. Ony diňe bu tarapy bilen häsiýetlendirmek örän ýalňyş bolar. Çünki oraza düýpli bir arzuw-hyýal terbiýesidir. Ynsany erbet endiklerden, gödek hereketlerden tämizläp, ýagşy häsiýetler gazandyrýan bir ahlak terbiýesidir. Çünki dinimiz orazaly kişiniň bütin erbetliklerden uzak durmasyny emredýär. Hezreti Pygamberimiz bu barada şeýle diýýär: "Kim-de kim ýalan geplemegi we ýalan bilen işlemegi taşlamasa, Alla Tagala onuň iýip-içmegi taşlamasyna ähmiýet bermez.” (Buhârî, Sawm, 8). Bu manydaky hadyslardan birinde bolsa şeýle buýrulýär: "Köp oraza tutanlar bardyr welin, olar üçin tutan orazalaryndan diňe açlyk bilen suwsuzlykdan başga peýda ýokdur. Köp gijeläp ybadat edenler bardyr welin, bu ybadatlaryndan olar üçin diňe bir ukusyzlykdan başga peýda ýokdur.” (İbn Mâce, Syýam, 21). Bu hadyslarda-da bellenilşi ýaly orazanyň esasy hikmeti gündizleri aç galmakdan ybarat däl, eýsem asyl maksat erbetlikleri emreden ynsan nebsini jylawlamak, terbiýelemekdir.

3.  Oraza ynsan saglygyna peýdalydyr

Orazanyň ynsanyň beden we ruhuna edýan oňat täsirleri we beden saglygyna berýän peýdaly netijeleri, medisina ylmy tarapyndan hem aýdyňlaşdyrylan bir hakykatdyr. Hezreti Pygamberimiz bu hakykaty şeýle dile getirýär: “Oraza tutuň, saglyk taparsyňyz.” (Keşfü'l-Hafa, c.2, s.33). Medisina alymlarynyň, orazanyň saglygy ýerinde bolan kişilere hiçbir zyýanynyň ýokdugyny, tersine bedene peýdasynyň barlygyny nygtapdyrlar. Siňdirme organynyň, bagryň 8-16 sagatlap dynç almagynyň özi hem uly bir peýdadyr. Orazanyň beden üçin peýdaly bolan bir berhiz tarapy hem bardyr. 11 aýlap bedende ýygnanan zyýanly ýaglary eredip, ynsany semizlikden we süýjülik, damaryň gatamagy, ýürek agry, gan basyşynyň artmagy ýaly semizligiň sebäp bolýän kesellerinden gorar. Orazanyň peýdalary diňe bir bedenimiz bilen çäklenmeýär, eýsem ol biziň ruhumyza we damar sistemamyza-da diýseň oňat täsir edip, ynsana güýçli bir moral gazandyrýar.

4.  Oraza nygmatlaryň gadyryny bilmekligi öwredýär

Gynansakda nygmatlar heniz elimizdekä olaryň gadyr-gymmaty känbir bilinmeýär. Ynsanogly eýe bolan nygmatlarynyň gadyryny diňe olar öz elinden gideninden soňra bilip galýar. Soňraky tüýkülik bolsa sakal ezmeýär. Oraza tutmak arkaly belli bir süreligine nygmatlardan daş düşen kişi, bularyň gymmatyna has gowy düşünýär we ynsan olary has gowy goramaklygy, isrip etmezligi we bu nygmatlary özüne beren Alla Tagala has köp şükretmekligi öwrenýär. Nygmatlara şükür etmek bolsa, olaryň has hem artmagyna sebäp bolýär. Bu babatda Alla Tagala Kuranda şeýle buýurýar: “Eger şükür etseňiz, elbetde (nygmatlarymy) siziň üçin artdyraryn.” (İbrahim 14/7).

5.  Oraza sabyrly bolmaklygy öwredýär

Sabyr, tutulan maksatda netije gazanmaklygyň iň ähmiýetli şertlerinden biridir. Eýe bolan halal nygmatlaryňa diňe orazaly bolanlygy sebäpli el degirmeýän kişi, isleglerine häkim bolmaklygy, nebsini kynçylyklara öwrenişdirip terbiýelemekligi we ýene birnäçe endik we aýratynlyklary gazanýar. Şeýdip nebsini terbiýelemekligi özüne endik edinen ynsan bolsa, durmuşda öňüne çykjak bir süri kynçylyklara sabretmegi we bulary ýeňillik bilen ýeňip geçmegi başarar. Şeýle hem agyr we gynançly ýagdaýlarda özüni sabyr-takatly alyp barar we agyrbaşlylygy elden bermez.

6.    Orazanyň jemgyýete berýän peýdalary

Orazanyň şahsa bolan bähbitleriniň ýanynda jemgyýete-de uly peýdalary bardyr. Oraza ynsanyň mähir we merhemet duýgularyny kämilleşdirip, ony jemgyýeti söýmeklige we ýardam bermeklige iterýär. Ynsan oraza tutan mahaly hakyky açlygyň nämeligini biler we jemgyýetde ýer alan pakyr-pukaranyň, ýetimiň-ýesiriň ýagdaýyna düşünip olara ýardam etme duýgusyna düşer. Dinimiz, bütin musulmanlary ýeketäk bir beden hökmünde kabul edip, olaryň birbirleriniň dertlerini gidermeklerini isläpdir. Hezreti Pygamberimiziň: “Goňşusy açka dok ýaşaýän kişi kämil bir mümin däldir” sözü-de bu hakykatyň açyk bir beýanydyr.

7.    Orazanyň esasy peýdasy

Oraza tutmak bilen Allanyň emrini höwes bilen ýerine ýetiren müminleriň günäleriniň bagyşlanjagyny Hezreti Pygamberimiz şeýle beýan edýär: “Her kim ýürekden ynanyp we sogabyny umyt edip Remezan orazasyny tutsa, onuň geşmişde galan günäleri bagyşlanar.” (Buhârî, Sawm, 7). Soňsuz rehimdarlyga eýe bolan Alla Tagala, biziň ýerine ýetiren ýagşylykdyr-ybadatlarymyzyň herbirine garşylyk on esse sogap berjegini bildiripdir. Orazanyň sogaby bolsa bulardan hem köp boljakdyr. Pygamberimiz aleýhisselam bu ýagdaý barada şeýle diýipdir: “Adamoglunyň her bir amalynyň sogaby gat-gat edip beriler. Bir ýagşylyk on gatdan başlap, ýediýüz gata çenli sogaplandyrylar.” Sözleri Pygambere, manysy bolsa Alla Tagala degişli bolan beýleki bir hadysda bolsa Alla Tagala şeýle buýurýar: “Her ýagşy amala on esseden ýedi ýüz essä çenli sogap bardyr. Ýöne orazanyň sogaby bu ölçegden has ýokarydyr. Çünki, ol Meniň üçindir. Onuň sylagyny diňe Men bererin”. (Buhârî, Sawm, 7). Diýmek orazanyň iň esasy we ähmiýetli peýdasy, ahyret ýurdy bilen baglanşyklydyr.

Hormatly adamlar edýän ähli tagat-ybadatlarymyz, dileg-dogalarymyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun. Türkmen halkynyň eşretli, bagtyýar, bol-elin durmuşda yaşamaklygy üçin alada edýän Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jany sag, başy dik, mertebesi belent bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ömri dowamat-dowam bolsun, ýurdymyz parahat ilimiz aman bolsun!