ŞA SERPAÝLY  ENELER

14

paslynda giňden bellenilýän ajaýyp baýram — 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdirýän köp çagaly enelerimize hormatly Prezidentimiziň Permany bilen “Ene mähri” diýlen hormatly at berilýär. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylymyzda welaýatymyzdan köp çagaly eneleriň 50-si şeýle hormatly ada mynasyp boldy.

8-nji Mart — Halkara zenanlar güni welaýat häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda welaýat medeniýet köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirilip, onda şa serpaýyna — “Ene mähri” adyna eýe bolan mährem käbelerimiz uludan hormatlanyldy. Dabara gatnaşanlaryň el çarpyşmalary astynda şa serpaýyna eýe bolan käbeler köşgüň baýramçylyk ruhunda bezelen sahnasyna çagyryldy. Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri mährem käbelere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary dabara bilen gowşurdylar. TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Kakageldi Gurbanow, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Muhammetberdi Gurbanow we beýlekiler baýramçylyk gutlaglarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýar zenanlaryna döwlet işlerinde, maşgalada şatlykly we bagtyýar durmuşy, uzak we manyly ömri arzuw etdiler. şa serpaýyna eýe bolan eneleriň adyndan Mary şäheriniň ýaşaýjysy, köp çagaly ene Maýagözel Saparowa hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini aýtdy.

Dabarada Mary şäherindäki “Joşgun” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň aýdymçysy Aýparça Abdyýewa, “Joşgun çeşme” tans topary bilen bilelikde “Ejem janyň gujagy” diýen şatlykly aýdymy enelere sowgat etdi. Welaýat halk döredijilik merkeziniň aýdymçysy Allamyrat Serdarow “Sen garrama, eje jan”, estrada aýdymçylary Mähri Sapaýewa hem-de Arslan Hojageldiýew “Eneler mukaddes”, welaýat medeniýet köşgüniň aýdymçysy Baýramgeldi Hojagulyýew “Geler, sallana-sallana” diýen aýdymlary bilen mährem käbeleriň göwnüni galkyndyrdylar. Türkmenistanyň halk artisti Rehmet Arnagylyjowyň okan ene hakyndaky goşgusy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýusup Garýagdyýewiň “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly aýdymy joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.