SAGLYGYM — BAŞ BAÝLYGYM

Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny ähli zatdan öňde goýýan hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ilatyň saglygyny goramak, ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipeler esasy mesele bolup durýar. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Serhetabat etrabynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň agzybir işgärleri ýiti respirator kesellerine garşy göreş çärelerini ýokary talaba laýyk guramaçylykly geçirýärler. Olar ilatyň arasynda, edara-kärhanalarda, mekdeplerde bolup, arassaçylyk we ýokanç kesellere garşy wagyz-nesihat çärelerini geçirýärler.

Golaýda etrap häkimligi, etrap arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy, TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi tarapyndan şäher medeniýet öýünde “Saglygym — baş baýlygym” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat çäresinde etrabyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň baş lukmany Döwran Muhammetjumaýew giňişleýin çykyş etdi. Ol çykyşynda döwletimiziň Owganystan döwleti bilen serhedinde gümrükhana arassaçylyk karantin nokadynyň 2-siniň hereket edýändigini, ilatly ýerlerde toparlaryň 3-siniň hereketde bolup, ýokanç kesellere garşy wagyz-nesihat çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigini gürrüň berdi. Soňra bu ýerde şol gullugyň parazitolog lukmany Maral Gylyjowa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Esenmyrat Garryýew, merkezi kitaphananyň usulçysy Aýgül Hajyýewa we beýlekiler çykyş etdiler.