SARSGYN

Uly oglun edip öýli-işikli,

Ata bir gün onuň aýyrdy rysgyn.

Ne-hä ogluň, ne-de gelniň kalbynda,

Duýulmady sähelçejik sarsgyn.

 

Örüsi giňedi gelindir ogluň,

Tapanlaryn iýjek, tapanyn geýjek.

Üstüne kiçijik döwleti ýükläp,

Hol-ha ýüzüp barýar ýelkenli gaýyjak.

 

Turjak harasada, gopjak gomlara,

Belli däl ol çydarmy ýa çydamaz.

Häzir saly suw üstünde gojanyň,

Kalbynda gorky bar, gözünde ümez.

 

Olar bu kenardan daşlaşdyk saýy,

Galanok garrynyň dyzynda ysgyn.

şol sarsgyn atalaň bilini bükýär,

Ony bolsa ogly duýardan asgyn.

 

                                        Tagan Söhbetow.