SEÝIT YSMAÝYL GÜRGENLI

unnamed.jpg

    Dünýäniň lukmançylyk ylmynda öçmejek yz galdyran meşhur türkmen alymlarynyň işläp, köp zatlary döredenligine şu günki gün göz ýetirýäris. Olar orta asyrlarda arap dilinde ýazylan çeşmelerde uly söýgi we hormat bilen ýatlanylypdyr.

    Dünýäniň lukmançylyk we beýleki ylymlaryna mynasyp goşant goşan meşhur şahsyýetler, olaryň miras galdyran işleri şu günki gün öwrenilýär, ylmy derňewler geçirilýär, täze-täze açyşlar edilýär.

    Milli lukmançylyk ylmynyň gözbaşynda duran, ony kämil derejä ýetiren, Gündogaryň we Günbataryň lukmançylyk ylmynda meşhurlyga eýe bolan tanymal tebip, lukman, meşhur türkmen alymy Seýit Ysmaýyl Gürgenli aýratyn ýatlap geçilmäge mynasypdyr.

    Seýit Ysmaýyl Gürgenli, taryhy maglumatlara görä, 1042-nji ýylda türkmenleriň oturymly ýeri bolan Gürgen şäherinde dünýä inýär. Orta asyrlarda arap ýazuw çeşmelerinde Gürgen “Jürjan” diýlip atlandyrylypdyr. Şonuň üçin ýazuw çeşmelerinde alymyň ady Seýit Ysmaýyl Jürjany diýlip ýazylypdyr.

    Seýit Ysmaýyl Gürgenli ýaşlykdan ylma höwesli bolupdyr. Ol tebipçilik ylmyny ikinji Gippokrat adyny alan Abdylkasym Abdyrahman  An Nyşapurdan, Hadys ylmyny Abdylkasym Kaşiriden öwrenipdir. Alymyň ömrüniň köp bölegi Horezm döwletiniň paýtagty Köneürgençde geçipdir.

    Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň ylym ugrunda ýeten derejesi we tebipçilik sungatyndaky şöhraty Köneürgenç türkmenleriniň gülläp ösen wagtyna, gabat gelipdir.

    Alym  Köneürgençde işlän döwründe       birnäçe ylmy işleri, kitaplary ýazypdyr.  Olardan: “Tebipçiligiň ýankitaby”, “Ýadygär”, “Ahlak däpleri”, “Köşk tebipçiligi”, “Ruhy kämilleşmek barada”, “Tebipçilik sungatyna degişli gözel ýazgylar”, “Ölçegler kitaby”, ýaly eserleri belläp geçmegi makul bildik.

    Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň Tebipçiligiň ýankitaby” ençeme asyrlaryň dowamynda tebipler tarapyndan giňden peýdalanylyp, we häzirki günde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Bu kitapda saglygy goramak hakynda “Sag-salamat bolmak ýa-da syrkawlamak üçin alty şertiň zerurdygy  bellenilýär. Şol alty şertler: howa, hereket etmek we hereket etmezlik, uky we oýalyk, iýmit we içgi, bedeni boşatmak hem-de ruhy ýagdaýlar. Bu zatlar kadaly ýagdaýda bolanynda beden sagdyn bolýar. Eger-de olaryň kadasy bozulanda kesel ýüze çykýar”.

Seýit Ysmaýyl Gürgenli işeňňir, çuň manyly eserleri ýazan giň düşünjeli, ensiklopedik ylymly tanymal alym we lukmandyr. Ol özüniň köp sanly açyşlary bilen milli lukmançylygy ösdüripdir we dünýä derejesine ýetiripdir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Tebipçiligiň ýankitaby” eseri ilkinji gezek 1995-nji ýylda türkmen diline geçirildi we okyjylara ýetirildi.

    Seýit Ysmaýyl Gürgenli Köneürgenç şäheriniň binagärlik gurluşyna hem uly üns beripdir. Ol gapydan, penjireden, Gün şöhlesiniň düşüp durmagynyň ynsan saglygyna ýetirýän täsirini kesgitläpdir. Ondan başga-da, Seýit Ysmaýyl Gürgenli ilatly ýerleriň suw bilen üpjünçiligine, keselleriň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak çärelerine, zir-zibilleriň, haýwanlaryň maslyklarynyň şäheriň çäginden daşary çykarylmagyna, arassaçylyk kadalarynyň dogry berjaý edilmegine gözegçilik edipdir.

    Alym Köneürgençde ýaşan döwründe Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyny, baýlyklaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini jikme-jik öwrenipdir. Keselleriň öňüni almakda we bejermekde türkmen tebigatynyň we ýurduň tebigy baýlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezipdir.

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, ýadawsyz aladasy netijesinde geçmişimizi öwrenmäge giň ýol açyldy. Geljekde hem ýaşap, döredip geçen meşhur şahsyýetlerimiz, alymlarymyz barada maglumatlar toplanyp, halk köpçüligine ýetiriler. Halkymyzy ösüşiň, özgerişiň täze basgançaklaryna ynamly alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!