ÝAGTY GELJEGIMIZIŇ ÝÖRELGESI

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, alyp barýan parasatly daşary syýasaty bu gün dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi bu syýasat sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmegiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň, özara peýdaly we köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň syýasaty bolmak bilen rowaç alýar.