TAGALLA  GEREK!

Wirus.jpg Saglygyň gadyryny bilýän her bir adam dürli keseller, olardan goranmak barada düşünjesini yzygiderli artdyryp durmalydyr. Howply ýokanç keselleriň biri-de howa-damja ýoly bilen ýokaşýan inçekeseldir. Keseliň mikrobakteriýasy (Kohuň taýajygy) onuň döremegine sebäp bolup biler. Inçekeseliň açyk görnüşi bilen näsaglan adam keseliň ýaýramagynyň çeşmesi bolup durýar. Näsag asgyranda, üsgürende bakteriýalar daşky howa gurşawyna aralaşýar. Sag adamlar şol howadan dem alanlarynda inçekeseliň bakteriýasy bedene aralaşyp, onda keseliň döremegi mümkindir.

 Bir näsag 15-e golaý adama keseli geçirip bilýär. Eýsem, bedeniň gorag güýçleriniň gowşamagyna näme sebäp bolýar? Oňa iýmitiň ýetmezçiligi, ýaramaz endikler (arakhorluk, çilimkeşlik, neşekeşlik), süýjüli diabet, baş keseli, öýkeniň dowamly keselleri we şuňa meňzeşler sebäp bolup biler.

 Bu keselden gutulyp bolýarmy? Elbetde. Gutulmak üçin esasy şert tiz bejergä girişmekdir. Öz wagtynda bejergä başlan we lukmanyň ähli görkezmelerini ýerine ýetiren adam tiz sagalar.

Her ýylyň 24-nji marty Bütindünýä inçekesele garşy göreş günüdir. Bizem “Inçekesel we Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda inçekeseli anyklamak we bejermek boýunça hyzmatlar barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak” diýen temada welaýat saglygy goraýyş müdirligi, inçekesel hassahanasy, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde welaýatyň çägindäki edara-kärhanalarda wagyz-nesihat işlerini geçirýäris. Şeýle çäreler pagta-egirme we dokma, dökünhimiýa, karbamid, pagta arassalaýjy kärhanalarynda yzygiderli geçirilýär, işgärleriň ýokanç keseller baradaky düşünjesi artdyrylýar.

Her bir adamyň saglygy onuň öz elindedir. Ynsanyň baş baýlygy bolan saglygy goramalydyr.