TAMDYR  KERAMATDYR, KEREMDIR

tc3bcrk.jpg

    Goýnunda hemişe bol-bereket eçilip, üstünde beýik-beýik şahsyýetleri kemala getiren keramatly türkmen topragy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde bol berekedini eçilýär. Bu toprakda ak bugdaýyň görlüp-eşidilmedik hasyly ýetişdirilýär. Topraga atylan guşgursak ak bugdaýyň her bir dänesi  müňläp, beýik daglary ýadyňa salýan harmanlary döredýär.

    Türkmen topragynyň berekedi bolan ak bugdaýyň keramaty  tamdyrlarymyza geçipdir. Türkmen tamdyry! Türkmen ojagy! Bu mukaddeslikler barada oýlananyňda, ilki bilen, mährem enelerimiz, zenanlarymyz göz öňüňe gelýär.Tamdyr-ojagyny keramat saýýan enelerimiz irki döwürlerde aglak çagany anna güni, ýa-da göwreli gelni dogumdan öň tamdyryň daşyndan üç gezek aýlap, onuň keramatyna uýupdyrlar.

    Tamdyr il agzybirliginiň hem alamatydyr. Bir wagtlar diňe bir goňşy sebitlerden gelen myhmanlar däl, eýsem, talaňçy-basybalyjylaram islendik obany alyslardan synlap, tamdyryň az-köplügine görä, ol obanyň ilatynyň agzybirlik ýagdaýyny aňypdyrlar.

    Tamdyr ak bugdaýyň Watany bolan döwletli Diýarymyzda halkymyzyň keramat hökmünde görýän mukaddeslikleriniň biridir. Häzirki wagtda “küýze tamdyr” diýlip atlandyrylýan tamdyrlar hemmelere elýeterlidir. Bu tamdyrlara diňe daşky aýlawy bilen suwagyny etmek ýeterlik bolýar. Tamdyr könelip, ýumrulyp başlasa-da, halkymyz sadaka paýlaman, sähet soraman, täzeden tamdyr salmaýar. Ýurdumyzyň köp ýerlerinde tamdyry tutuşlygyna elde gurmak dessury häli-häzirlerem höwes bilen dowam etdirilip gelinýär.

    Agzybirligiň, jebisligiň alamaty saýylýan mukaddes tamdyry gurmagyň hem aýratyn düzgün-kadalary bardyr. Ozallar tamdyry ýylgyndan, sözenden, ýagny çeýeligi bilen saýlanýan agaçlardan örüp gurupdyrlar. Tamdyr ussalary il içinde halalhon , edep-tertipli maşgala diýip tanalýan gartaşanyrak aýallardan saýlanypdyr. Keramatly tamdyryň özboluşly guramaçylyk işlerine gelin-gyzlar topar bolup gatnaşypdyrlar. Tamdyr sähetli günleriň birinde, töweregi açygrak, oňaýlyja ýerde gurlupdyr. Onuň palçygy edil ojagyňky ýaly toýundan bolmalydyr. Tamdyryň palçygyny depgi bilen doly eýlänlerinden soňra işe girişýärler. Ilki aşaky tegelek ýeri çyzylyp, dört tarapyndan körüklik ýer bellenilen tamdyry häzirki wagtda bişen kerpiçden gurýarlar. Beýle desganyň ömri uzak, gyzgyn saklaýjylygy hem ýokary bolýar. Ilki tamdyryň içi suwalýar.

    “Saman körpesi” diýlip atlandyrylýan bölejiklerini bugdaý samanyndan irigöz saman eleginden eläp alýarlar. Tamdyryň daşky suwagy bu “körpe” bilen endigan garylýar. Beýle edilmegi bolsa, palçyk suwagynyň ömrüniň uzak wagtlyk bolmagynda ähmiýetlidir.

    Bu suwagy tamdyra urmazdan ozal, tamdyryň daşyna nah haltalary tutýarlar, diňe şondan soň, tamdyryň daşy suwalýar we taýýar goçkelle nagşy salnyp, bezelýär. Dört tarapa açylan körügiň üstünden salnan bu nagyş döwletliligiň alamatydyr.