TARYHA SER SALÝAR ÝURDUŇ ÝAŞ NESLI

DSC_3487.jpg

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim we terbiýe bermekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Şol mümkinçiliklerden ugur alyp, Murgap etrabyndaky tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 9-njy orta mekdebiň taryh mugallymy Gülälek Annamuhammedowa okuwçylara bilim bermekde uly aladalary edýär.

    Gülälek mugallym ýazky dynç alyş möwsüminde sapagynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak, geçmiş taryhymyzy şöhlelendirmek maksady bilen mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç etdi. Ol okuwçylara milli mirasymyza sarpa goýup, ony aýawly saklap, geljekki nesillere-de ýetirmelidigini düşündirdi. Muzeýiň içindäki eksponatlary synlan okuwçylar olaryň taryhy barada gyzyklanyp, mugallymdan ol hakynda gürrüň bermegini soradylar.

    Gezelenjiň ahyrynda şeýle täsirli gürrüňleri berip, geçmiş taryhymyza syýahat etmegi gurnan Gülälek mugallym okuwçylarynyň alkyşyna mynasyp boldy.

    Taryhy geçmişimizi öwrenmekde mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň her bir beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!