TARYHY GEÇMIŞIMIZ  AÝAWLY  SAKLANYLÝAR       

Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizde giň möçberli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň arhiw gullugynyň işi döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilýär, düýpli üýtgetmeler girizilýär. Golaýda welaýat döwlet arhiwiniň döredilenine 80 ýyl doldy. Welaýat döwlet arhiwiniň döredilmegi sebitiň geçmişiniň resminamalarynyň aýawly saklanmagyna mümkinçilik döretdi. Arhiw işine ýokary derejede çemeleşilmegi welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň we guramalarynyň resminamalarynyň aýawly saklanylmagyna getirýär. Geçmişsiz geljek bolmaýar. şonuň üçinem geçmiş taryhymyzdan gürrüň berýän resminamalaryň ýygnalmagy, öwrenilmegi, aýawly saklanylmagy möhüm wezipedir.

Welaýat döwlet arhiwinde resminamalary kabul etmek we saklamak bilen birlikde welaýatymyzda arhiw işine ýolbaşçylyk hem amala aşyrylýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda etrap we şäher arhiwleriniň ulgamyny döredip, welaýatymyzyň resminamalaryny tertiplemek we saklamak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günki günde arhiwimiziň işinde kämil kompýuter tehnologiýalarynyň, işiň häzirki zaman kämil usullarynyň peýdalanylmagy döwlet arhiwiniň işini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Biz arhiw resminamalarynyň arhiw ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen döwletimiziň, welaýatymyzyň, medeni ýadygärlikleriniň taryhy boýunça arhiw materiallaryny ýüze çykarmakda yzygiderli iş alyp barýarys.

Arhiwimizde öz işiniň hakyky ussatlarynyň ençemesi zähmet çekýär. Olaryň tagallasy bilen arhiw işi döwrebap ýagdaýda alnyp barylýar. Olardan pudaklaýyn arhiwler bilen işlemek boýunça baş hünärmen Gandym Garýagdyýewi, hojalyk hasaplaşygy bölüminiň esasy arhiwçisi Ymamberdi Amandurdyýewi görkezmek bolar. Olar päk zähmetleri üçin dürli sylaglara mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň resminamalar baýlygyny aýawly saklamak arhiwleriň wajyp wezipesidir. Arhiw geçmişimizi şu günümiz bilen birleşdirýän arabaglanyşykdyr. şonuň üçinem biziň maksadymyz halkymyzyň giň möçberli taryhy maglumatlaryny geljekki nesillere aýawlylygy bilen ýetirmekden ybaratdyr.