"Täze Aý" söwda  merkezi

taze-ay

"Täze Aý" söwda  merkezi Mary şäheriniň  Mary şäheriniň gündogar tarapynda ýerleşýän  söwda merkezi bolup, ol alyjylaryň iň köp isleg bildirýän  söwda  merkezidir. Bu söwda merkezi azyk harytlarynyň örän köp  görnüşleriniň bardygy, satylýan  harytlarynyň  nyrhlarynyň elýeterli  bahadan satylýandygy bilen tapawutlanýar.

Her bir ynsanyň ömür ýolunda iň ajaýyp hem şatlykly pursat bolan baýramçylyklarda toý saçaklary giňden ýazylýar. Bu söwda merkezi azyk harytlarynyň  örän köp görnüşleriniň bardygy, satylýan harytlarynyň nyrhlarynyň elýeterli bahadan  satylýandygy bilen tapawutlanýar.

Önümçilik gymmaty ýokary, ekologiki taýdan  arassa, halkara ölçeglerine laýyk gelýän harytlar söwda merkeziniň tekjelerini dolduryp, gözüňi dokundyrýar. Iň buýsandyrýan zat bolsa söwda tekjelerindäki azyk önümleriniň esasy bölegini öz telekeçilerimiziň öndüren önümleri düzýär.

Bu söwda merkezinde et önümleri, şöhlat önümleri, süýt önümleri, konditer önümleri şeýle hem  ýylyň bütin dowamynda ter gök we bakja önümleri elýeterli nyrhlardan satylýar. Täze tehnologiýalar esasynda öndürilýän ekologik taýdan arassa peýnir önümlerine müşderiler tarapyndan uly isleg bildirilýär. "Belle", "Dide", "Top" diýip atlandyrylýan keksler, "Täze aý", "Ylham",  "Talyp", "Margiana" diýip atlandyrylan  şekerli we petir kökeleri müşderileriň ýokary islegine eýedir.

Harytlara baýlygy we arzanlygy bilen meşhurlyk gazanan, azyk howpsuzlygyny döretmäge goşant goşýan telekeçileriň, işewürleriň öndüren önümlerinden doly söwda merkezi halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, bolelin ýaşaýşyny aýdyň görkezýär.

Türkmen halky myhmansöýer halk. Hut şu sebäpli myhman gelende, baýramçylyklarda, toýlarda türkmen saçagy örän inçelik bilen bezelýär. Munuň üçin  zerur bolan islendik nygmaty juda elýeterli nyrhdan, emgenmän satyn almaga mümkinçilik bar.
 

taze-ay