"Täze Gün" söwda merkezi

taze-gun

"Täze Gün" söwda merkezi 2016-njy ýylda açyldy. Bu söwda merkezi 3-gatdan ybarat bolup, ilatyň iň gelim–gidimli söwda merkezidir. Bu söwda merkezinde harytlaryň we hyzmatlaryň örän köp görnüşi müşderilere hödürlenýär.

"Doganlar" fotostudiýasy, maşynlaryň ätiýaçlyk şaýlary satylýan dükan, ýokary hilli mebeller dükany, telefon, sowadyjylary bejerýän we satylýan dükanlar bar.

Söwda merkezinde dürli görnüşde amatly bahadan "Toý egin–eşikleri", ýörite buýurmalar esasynda işleýän zenanlar üçin niýetlenen tikinçilik şehi, sport bilen meşgullanmaga degişli harytlar, parfýumeriýa dükany bolup, bu ýerde alyjylar üçin ahli amatly şertler döredilipdir.

Söwda merkeziniň 3-nji gatynda çagalar üçin oýun otaglary, sport enjamlarynyň satylýan dükany, ýokary hilli mebelleri bilen tapawutlanýan ,,Gapylar” atly mebel dükany bar. Bu söwda merkezinde alyjylara  amatly bahalardan harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenip, hasaplaşygyň nagt we elektron hyzmaty ýola goýlan. 

taze-gunBu  söwda merkezinde iň esasy zat adamlaryň iň naýbaşy zady saýlamaga, hut öz isleg bildirýän harydyny elýeterli nyrhdan satyn almaga mümkinçilik döredilýär.  Munuň özi önüm öndürilişiniň ýylsaýyn artýandygyny, önümleriň hil derejesiniň  häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda ýokarlanýandygyny, isleg bilen mümkinçilik babatda deňagramlylygyň saklanýandygyny aýdyň görkezýär. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri döwletimiziň berkararlygynyň, bagtyýarlygyň dabaralanýan eýýamydyr. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek  Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli işleriniň möhüm ugrydyr.

Biz milli Liderimiziň bu babatdaky alyp barýan işleriniň oňyn netije berýändigini gündelik durmuşymyzda, şol sanda bazarlardaky, söwda merkezlerindäki harytlarynyň we gözüňi dokundyrýan oba hojalyk önümleriniň bolçulygyndan aýdyň göz ýetirýäris. 

taze-gun