TÄZE  JAÝYŇ  EÝELERI

12

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçildi. Zenanlara tüýs ýürekden çykýan gutlag sözleri bu baýramçylygyň şatlygyna şatlyk goşdy. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleriň birnäçesine täze jaýyň sowgat berilmegi şanly senäniň dabarasyna dabara goşdy.

Baýramçylyk günleri Oguzhan etrabyndaky döwrebap Döwletli zaman şäherçesinde 8 çagaly enelere täze jaýyň sowgat berilmegine bagyşlanan dabara-da baýramçylygyň joşgunyny artdyrdy. Şol gün Baýramaly etrabynyň Bahar geňeşliginiň Bagly obasyndan 5 gyzy, 3 ogly terbiýeläp ýetişdiren Göwher Gylyçmyradowa bilen ýanýoldaşy Begmyrat Halmyradowlaryň hem-de Türkmengala etrabynyň Hasyl geňeşliginden 5 gyzy, 3 ogly terbiýeläp ýetişdiren Sülgün Saparowa bilen ýanýoldaşy Döwlet Saparowyň maşgalalaryna Halkara zenanlar güni mynasybetli täze jaý sowgat berildi. Hormatly Prezidentimiziň adyndan köp çagaly enelere täze jaýlaryň açaryny welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew we ýaşulular gowşurdylar. Bu dabara şäherçäniň ýaşaýjylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulular gatnaşdylar. şatlykly wakanyň dabarasy aýdym-saza utgaşyp, alyslara aşdy.