Türgenleriň üstünligi

IMG_20200509_095908.jpg    Ýakynda Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany atly ýylynda Türkmengala etrabynyň  sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebinde  2020-nji ýylyň maý aýynyň 03-ne Mary welaýatynyň çempionatynyň I-nji tapgyry geçirildi. Gatnaşan toparlar Baýramaly etrap, Ýolöten etraby, Türkmengala etraby,Wekilbazar etraby, Türkmengala etrabynyň sport mekdebi  çekeleşikli gyzgalaňly, janköýerli geçirilen ýaryşda Eminleriň adalatly çykaran netijelerinde, garşydaşlaryndan tapawutlanlara Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýeňiji toparlaryna Hormat hatlary bilen sylaglandy.Türkmengala etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary  I-nji oruna mynasyp boldy. II-nji oruna Wekilbazar etrabynyň sport  we ýaşlar syýasaty bölüminiň topary we III-nji oruna Türkmengala etrabynyň  sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň sport mekdebi eýelediler.I-nji oruny eýelän topar Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.