TÜRKMENIŇ  ILKI  HEZZETI...

çaý (5).jpg

    Çaý içmek türkmen halkynyň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Çaýyň özüne çekiji özboluşly tagamy, adam bedenine edýän täsiri onuň dünýäde giňden ýaýramagyna getirdi. Onuň hili köp sebäplere bagly bolup durýar, çaýyň ýapraklary näçe ýaş we näzik bolsa, hili-de ýokary bolýar. Çaýyň täsiri onuň düzüminde saklanýan maddalara baglydyr.

    Çaý  demlenende   onuň düzümi   mineral     maddalar - kaliý, kalsiý, fosfor, magniý, demir, natriý elementleri bilen baýlaşýar. Dogry demlenen çaý iýmit siňdiriş we nerw, ýürek-damar ulgamlaryna gowy täsir edýär we bedeniň umumy iýmit çalşygyny kadalaşdyrýar. Günde 1-2 käse çaý irden we günortan içilende adamyň işjeňligini galdyrýar. Sebäbi onuň düzüminde kofein saklanýar.

    Çaý gury, arassa ýerde, gaplananyndan soň 8 aýa çenli wagta golaý saklanýar. Çaýyň tagamy onuň demlenişine-de bagly bolup durýar. Ilki bilen, demlenjek suw arassa bolmaly, gaýnap başlandan soň birnäçe sekuntdan farfor çäýnegine demlemeli. Ýöne ilki bilen çäýnegi gaýnag suw bilen çaýkamaly. Demlenen çaýy 3-5 minut demini alansoň içmeli. Çaýa limon, şeker, bal garylyp içilmegi oňa özboluşly tagam berýär. Onuň ýany bilen süýji, köke, mürepbe, süýt goýulsa, ol hasam şüweleňli içilýär.

    Bu içginiň aşgazan-içege ýollaryna edýän täsiri öňden bäri bellidir. Onuň garyn-içege keselleri dörediji mikroblara garşy täsiri hem bar. Şeýle-de, çaý böwrekde, bagyrda, dalakda C witamininiň toplanmagyna ýardam edýär. Alymlaryň aýtmagyna görä, gök çaýyň onkologiýa keselleriniň döremegine garşy täsiri uludyr.