«Watanyň  guwanjy  hem  şöhraty»

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmen  jemgyýetinde zenanlara uly sylag goýulýar, sebäbi olar mertebäniň, guwanjyň  jemgyýet –syýasy,  sosial-ykdysady  medeni durmuşda gerekli orunlary tutýarlar.” Ähli  döwürlerde zenanyň orny ahlak taýdan-dürli bahalar bilen bellenipdir. Aýalyň derejesi  näçe beýik bolsa şol jemgyýet sazlaşykly ösüpdir. Asyrlar boýy türkmen halky zenany täze durmuşyň döredijisi, ösdürijisi ýagny gözbaşy hökmünde hudaýa deňäpdirler. Maşgala ojagy we maşgala zenandan başlanýar. Garaşsyzlyk eýýamynda zenanlar özlerini jemgyýetiň gurujysy hökmünde özlerini görkezdiler, işjeň we döredijilikli täze jemgyýetiň we döwletiň döredijilik işlerine işjeň goşuldylar. Häzirki döwürde zenanlar döwletimiziň guwanjy hem şöhraty olar üstünlikli zähmet çekýärler, döwletiň ähli  edaralarynda öz zähmet goşantlaryny jemgyýete goşýarlar. Zenanlar döwletimiziň ähli  meýilnamasynada ylym, bilim, medeni saglygy goraýyş bölümlerinde mynasyp zähmet  çekip gelýärler, üstünliklere mynasyp bolýarlar. Biziň zenanlarymyz jemgyýet işini, biznes işlerini ýerine ýetirýärler, hem birlikde döwletiň ykdysadyýetini ösdürýärler.  Aýallaryň sosial statusynyň ýokary derejede bolmagyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk  we  Berkararlyk eýýamynda olaryň hukuklary we azatlyklary erkek adamlar bilen  deňligi şaýatlyk edýär.

Bu  barada, Türkmenistanyň zähmete bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilýändigi ýurdumyzda işleýän ähli işgärleriň ýarysynyň zenan maşgala bolmagy muňa  şaýatlyk edýär. Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ündemeginde “Zenan kalby” ordeni, “Ene mähri” hormatly atlar köpçagaly enelere dakyldy. Bu döwletiň, jemgyýetiň öňünde gazanan beýik at hem olara bolan uly hormat. Aýallaryň saglygy barada alada etmek, enäni we çagany goramak, ýaş maşgalalara kömek bermek döwletiň esasy aladalaryň biri bolup durýar. Türkmen zenanlary özleriniň gözelligi, paýhasy owadan gaýtalanmajak gelşikligi, gözüňi alyp gelýän gyzyl ketenisi bilen, buýsançly ýörişi bilen gerek ýerinde maşgalany goldamagy, çagalary terbiýelemegi, ýan  ýoldaşyny sylamagy, ene-atasyny söýmegi, ondan daşary önümçilik aladalaryny, bilim ulgamynda, saglyk ulgamynda, döwlet gullugynda bolup dünýäni haýrana goýýarlar. Häzirki zamanda Türkmenistanyň zenanlary durmuşyň hemme ulgamlarynda garaşsyzdyr. Ol özüniň durmuşyny özbaşdak gurnap bilýär. Ol ýokary bilimi alyp, zähmet çekmäge hukukly. Türkmen zenanlary taryhyň içinden häzirki eýýama gadam basyp döwür bilen bile ýöreýär. Döwletiň we milli Lidermiziň hemişe zenan barada edýän aladalaryny mydama duýýarlar. Bu aladalar biziň zenanlarymyzy begendirýärler. Her ýylda däbe öwrülen pul sowgatlaryny çagalar bagyndaky gyzjagazlar, mekdep okuwçy gyzlary, talyplar gyzlary, pensiýadaky zenanlar, dürli ulgamlarda işleýän zenanlar 8 Mart halkara aýal-gyzlar gününde alýarlar. Bütin ülkämizde zenanlara bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Garaşsyz we Berkararlyk döwründe diňe zenanlara çaga terbiýelemeginde esasy mesele bolup durýar. Zenanlar özüniň nusgalygy bilen Watana bolan söýgini, ahlaklylygy, dogruçyllygy, tertipliligi, edepliligi, iň bir ýagşy milli gylyklary çagalaryna berip, siňdirip bilýärler.