Daýhandan hereket – ýerden bereket

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladalarynyň netijesinde, onuň Türkmenistanyň agrosenagat pudagyny hemme taraplaýyn ösdürmek barada ýadawsyz alyp barýan işleriniň esasynda ...

Bol hasyl ugrunda

Gyşyň ahyrky we ýazyň öňi syrasynda meýdan işleri endigan dowam edilýär. Bu aladalar halk tejribelerine, agrotehniki talaplaryna we ylmy tekliplere daýanylyp alnyp barylýar. Meýdanlar ekişe taýýarlanylýar. Sürüm işleri öz wagtynda tamamlandy ве köp ýerlerde geriş çekmeklik alnyp barylýar. Tekizleýiş işleri, ýuwuş suwlary talabalaýyk tutuldy. Agrotehniki usullaryň aýratynlyklary hünärmenler tarаpyndan degişli okuwlarda doly düşündirilýär

"Ýüpek ýoly" söwda we dynç alyş merkezi

Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän "Ýüpek ýoly" söwda merkezi özüniň ajaýyp binagärlik aýratynlygy bilen şäherimiziň görküne görk goşýar. Bu söwda we dynç alyş merkezi 2017-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda uly dabara bilen açyldy. Bu söwda we dynç alyş merkezi 4-gatdan ybarat bolup, binanyň 1–nji gatynda ,"Belent” supermarkedi ýerleşýär.

"Täze Gün" söwda merkezi

"Täze Gün" söwda merkezi 2016-njy ýylda açyldy. Bu söwda merkezi 3-gatdan ybarat bolup, ilatyň iň gelim–gidimli söwda merkezidir. Bu söwda merkezinde harytlaryň we hyzmatlaryň örän köp görnüşi müşderilere hödürlenýär.1

"Täze Aý" söwda merkezi

"Täze Aý" söwda merkezi Mary şäheriniň Mary şäheriniň gündogar tarapynda ýerleşýän söwda merkezi bolup, ol alyjylaryň iň köp isleg bildirýän söwda merkezidir. Bu söwda merkezi azyk harytlarynyň örän köp görnüşleriniň bardygy, satylýan harytlarynyň nyrhlarynyň elýeterli bahadan satylýandygy bilen tapawutlanýar.

MAKSAT – ÝOKARY HIL

maka1
Şu ýyl biziň zähmetsöýer daýhanlarymyz öňde goýlan maksada ynamly gadam basdylar. Ýagny, Watan harmanyna borçlanylan bugdaý dänesini tabşyrmaklyk esasy wezipeleriň biri. Bu wezipäni daýhanlarymyz daşýany bilen berjaý etdiler. Sebäbi Arkadagymyz bu ýyly „Türkmenistan – rowaçlygyň Watany“ ýyly diýip yglan etdi.

ARKADAGLY EZIZ DIÝAR ÖSÜŞ BILEN ÖŇE BARÝAR!

Hormatly Prezidentimiziň özüniň dynç alyş pursatlaryny maşgala agzalarynyň arasynda bolmak bilen sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty, mundan başgada, saz sungaty, çeper döredijiligi bilen meşgullandy.

GARAKÖLÜŇ ÝAÝLALARYNDA

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Ýolöten etrabynyň “Garaköl” maldarçylyk hojalygynyň uzak örülerdäki çopan goşunda myhman bolanymyzda, hojalygyň başlygy Taýyr Akmyradowyň maldarlaryň halyndan habar almaga gidendigini aýtdylar. Bizem hojalygyň 2-nji maldarçylyk fermasynyň müdiri Döwlet Allaýarow, baş mal lukmany Bazargeldi Aşyrow, tohumçylyk boýunça baş zootehnik Ahmet Akmyradow bilen goşulyşyp, sähra ýollaryna dözümli ulaga ornaşyp, giň sähra sary ýola düşdük. Ýoldaşlarymyz bilen gürrüňdeşlikde çopan-çoluklar bilen baglanyşykly rowaýata ýakyn gürrüňler ýandepderçämize bellenildi.

IŞLERI ILERI GURLUŞYKÇYLAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmendemirbetonönümleri” döwlet kärhanasynyň Baýramaly şäheriniň “Demirbetonönümleri” kärhanasy hem öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Geçen — 2019-njy ýyly önümçilikde guwandyryjy netijeler bilen jemlän bu kärhananyň zähmetsöýer işçileri we hünärmenleri “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýyly hem önümçilikde guwandyryjy netijeleri gazanmak bilen dabaralandyrýarlar.

ŞA SERPAÝLY ENELER

Paslynda giňden bellenilýän ajaýyp baýram — 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we ondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdirýän köp çagaly enelerimize hormatly Prezidentimiziň Permany bilen “Ene mähri” diýlen hormatly at berilýär. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylymyzda welaýatymyzdan köp çagaly eneleriň 50-si şeýle hormatly ada mynasyp boldy.