Zähmet üstünlikleri gazanylýar

image.jpg    «Bazarlary baý ýurduň özi-de, halkyda baýdyr» diýilýär. Bu baýlygy döretmek, söwda nokatlaryny azyk harytlary bilen üpjün etmek bolsa önüm öndürijileriň, kärhanalaryň, paýdarlar jemgyýetleriniň paýyna düşýär. Şolaryň biri hem Ýolöten etrabynyň “Murgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. Bu önümçilik jemgyýeti ençeme ýyllardan bäri ilatymyzy süýt we süýt önümleri bilen üpjün edip, uly zähmet üstünliklerini gazanyp gelýär. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik kuwwatlylygy ýyllyk 750 tonna süýde barabar bolup, häzirki wagtda bu ýerde süýt we süýt önümleriniň 8 görnüşi öndürilýär. Olara mysal edip “Şapak” atly mesge ýagy, uýadylan gaýmak, gatyk, dorog, turşumtyk gatyk ýaly görnüşleri görkezmek bolar. Ekologiki taýdan arassa, bäsdeşlige ukuply, häzirki zaman ösen tehnologiýalary esasynda öndürilýän bu önümlere isleg bildirýänleriň sany günsaýyn artýar. Döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagyna uly ähmiýet berilýär. Halk köpçüligine ýetirilýän önümleriň hili barlaghana merkezinde barlanylýar. Önümleriň hilini has-da gowulandyrmak, bahalarynyň elýeterli bolmagy gazanmak, görnüşlerini köpeltmek bu ýerde zähmet çekýän her bir işgäriň esasy aladasy bolup durýar. Önümçilik jemgyýetinde agzybirlikde zähmet çekýän öňdebaryjy işgärlerden bolsa önümçilik ussasy Batyr Ojarowyň, ammar müdiri Orazgeldi Meredowyň, barlaghana laboranty Oguljeren Gapbarowanyň atlaryny uly buýsanç bilen belläp bileris.