Zenjebil ösümliginiň peýdasy

Imbir.jpg

Hormatly Prezidentimiziň Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümliklerikitaplaryň 1-nji jiltinde Zenjebil barada giňişleýin maglumat berilýar. Zenjebilgamyşa meňzeş tropiki ösümlik, zenjebiller maşgalasyndan adybir urugynyň wekili, boýy 1 metre çenli, köp sanly köki porrug görnüşli örän ýakymly ysly, süýji, etli.

Zenjebiliň watany- Hindistan, Ýaponiýa, Afrika. Aziýaň we günorta Amerikaň köp ýurtlarynda zenjebil ösdürilip ýetişdirilýar. Biziň ýurdymyza maýdajyk çapylan, güne guradylan zenjebiliň porrugy gelýar. Şolaryň düzümine efir ýaglar, krahmal, kletçatka, azot maddalar köp mukdarda girýar. Düzümindäki efir ýaglar zenjebile hoşboý, ýakymly ys berýar, ajymtyk tagamyny bolsa ýagjymak madda gingerol berýar. Zenjebil kä bir konditer we kulinar önümler taýarlanylanda ulanylýar.

Zenjebil gadymdan bäri derman ösümlikleriň hatarynda tanalýar. Ony gyrgyn keseliniň öňüni alýar diýip epidemiýa döwründe ulanypdyrlar. Soňky ýyllarda zenjebil gök önümleri we başga iýmit önümleri uzak wagtlap zaýalaman saklamak üçin ulanylýar.

Zenjebiliň porrugy köp ýurtlarda derman serişde hökmünde ulanylýar. Ilki bilen işdä peslikde, aşgazan-içege kesellerinde, iç ýellenmede, dowamly enteritde 0,3-1,5 gr günde birnäçe gezek ulanylýar. Ony peşew çykaryjy serişde hökmünde, gury agyry, newrasteniýa, basykda (angina) bokurdagy çaýkamak üçin gaýnatmasy ulanylýar. Gündogar Aziýa döwletlerinde porrugyň maýdalanan külkesi ýada gaýnatmasy rahatlandyryjy we spazmolitik serişde hökmünde kelleagyrda, dem gysmada, bronhitde, ýurek bulanmada, gusmada ulanylýar.

Halk lukmançylygynda nerw sökelliklerinde, ysmazda, sarygetirmede, peşewiň damjylap gelmeginde, iç geçmede, mäzleriň çişmeginde (ýapgy etmek arkaly) haýyrlanylýar. Ösümligiň porrugyndan taýarlanylan tozy sowuk we çygdan dörän bogunagyry bilen çişlerde neplenýar.

Hytaý lukmançylygynda zenjebil ýatkeşligi berkidýar diýen maglumat bar. Zenjebiliň porrugynyň külkesi iň gowy trahoma garşy serişde hasaplanýar. Zenjibiliň bagyrdaky dykyn almalary açýandygy we jynsy ukyby ýökarlanýandygy barada  maglumat bar. Serişdäni 3-4 hepde ulanmak maslahat berilýar.