ZERGÄR  GYZYŇ  YHLASY

Gadymy halkymyzyň müdimi senet-sungatlary barada söz açanyňda, ol sungat-senetleriň biziň günlerimize çenli gelip ýetip, ýaşlar tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine buýsananyňy duýman galýarsyň.

Biziň gürrüňdeşimiz — Ýolöten etrabynyň Baýraç geňeşliginiň ýaşaýjysy, etrap medeniýet merkezinde çäre guraýjy bolup ilese-de, öz göwün söýen zergärçilik sungatyny dowam etdirýän, özi gözel, hünäri gözel gyz Aýgül Ýazmyradowa.

Bize, bu gyz we onuň hünärli gollarynyň gudratyndan çykan zergärçilik önümleri bilen tanymak miýesser etdi. Öz zergärçilik işleri bilen dürli bäsleiklere gatnaşýan gyzyň elinden çykan, sünnälenip taýýarlanan işleriň her biriniň gözelligini synlap doýup bolanok. Şelpeli gupbany, sümsüläni, gülýakadyr goşa bilezikleri, kökenli ýüzügi, tumar-gursakçany, gönjükdir  ysyrgalary, topba dakylýan egme-öwürmeleri, jugurdyr çapraz çaňňany, saçujudyr saçýüzüleri görüp-synlap, şeýle ajaýyp şaý-sepleriň türkmeniňkidigine buýsanman durup bilmedik. Bu şaý-sepleriň her birini dakynyp, toýa,  gezelenje çykýan gözeller göz öňümize geldi.

— Aýgül, tüweleme, taýýar işleriň-ä ussadyň elinden çykana meňzeýär. Sen zergärçilik bilen öňräkden bäri megullanýarmyň?! Halypaň hakda söz açaýsaň...

— Men 2013 — 2019-njy ýyllar aralygynda Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda okadym. Halypam — mugallymym Aýjemal Çaryýewa alkyşlarym çäksizdir. Ol bilýänlerini höwes bilen bize — okadýan talyplaryna öwretdi. Men 10 ýyl bäri zergärçilik işini edip, ýasan şaý-seplerim welaýat derejesinde guralýan baýram-senelerde guralýan sergilerde hormatly ýeri eýeläp gelýär. Mähriban zenanlaryň baýramy mynasybetli zergärçilik önümleriniň gadymy görnüşlerine döwrebap öwüşgin berip, boýundan asylýan zynjyrly gülýakalary, teneçirleri, ýüzükleri ýasadym. Olar gyz-gelinlere ýararmyka diýýärin.

— Ýasaýan şaý-sepleriňe dürli gaşlary goýaňda haýsy şaýa nähili reňkdäki gaşyň gelişjegini özüň saýlaýaňmy?!

— Hawa. Esasan-da pöwrize, ýakut, hakyk gaşlaryny köp ulanýaryn. Dana atamyz Magtymguly Pyragy ussat zergär bolan. Onuň kesp-kärini dowam edýändigime buýsanýaryn. Ynha, bular çekiçjik, tesgi-sandal, ige we beýlekiler iş gurallarym.

— Maşgalaňyzda senden başga-da bu hünäri ýöredýän barmy?!

— Kakamdyr durmuşa çykan aýal doganym Bahar etrapdaky 3-nji orta mekdepde mugallym. Beýleki aýal doganym Maýa Mary şäherindäki 16-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde mugallym, oglan jigim Baýram — paýtagtymyzdaky sport we bedenterbiýe institutynyň talyby. Görşüňiz ýaly, maşgalamyzda zergärçilik bilen içgin gyzyklanýanam, ýöredýänem özüm. Gözbaşy halal hünäre söýgi ýüregimde. Mundan başga,  el-keşdede ýaka, tahýa, keşdeli gyňaç bejerýärin. El işini aýal doganym Maýadan ürç edip öwrendim.

 Teleýaýlymda zergärler barada guralýan gepleşikler, olaryň işleýşi baradaky ýazgylara, höwes-üns bilen tomaşa edýärin. Zergärçilik önümleriniň täze görnüşlerini ýasamagy öwrenýän. Ýaşlara öz saýlap-seçen hünäri bilen meşgullanmaga ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz çäksizdir.

— Kesbiňden kemal tap, Aýgül!

777