Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Daşkent şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Özbegistanyň Alişer Nowaýy adyndaky Döwlet akademiki Uly teatrynda Gündogaryň Beýik akyldary we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik agşamy geçirildi.
Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellemek hakynda Kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde guraldy.
Döredijilik agşamyna Özbegistan Respublikasynyň görnükli syýasy we jemgyýetçilik işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik agşamynda çykyş edenler Magtymgulynyň eserlerindäki ynsanperwerlik ýörelgeleriň ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şahyryň döredijiligi diňe bir türkmen edebiýatynda aýratyn orny eýelemän, eýsem dünýä medeniýetiniň gymmatlygydyr. Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň giňelmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Döredijilik agşamynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdym-sazly çykyşlar we döredijilik kompozisiýalary ýerine ýetirildi.
Şeýle hem çäräniň çäklerinde Daşkent şäheriniň Magtymguly köçesinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýmak dabarasy geçirildi.