Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Iň ýokary syýasy derejede ynanyşykly gatnaşyklara esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler geçirilmegi meýilleşdirilýän döwlet baştutanlarynyň derejesindäki ilkinji «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» Sammitine bilelikdäki taýýarlygyň möhümdigini bellediler.
Şeýle-de ministrler iki ýurduň söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygynyň möhümdigini bellediler. Ýapon kompaniýalarynyň türkmen tarapy bilen gatnaşyklary, hususan-da «ýaşyl» energetika, kömürturşy gazy zyňyndylaryny azaltmak, gazhimiýa we ş.m. ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki toparlaryň alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.
Mundan başga-da, taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçiriljek çäreler barada pikir alyşdylar. Şeýle-de 2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek Expo-2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.