Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Монументы выдающихся личностей в культурно-парковом комплексе «Magtymguly Pyragy»: Алишер Навои

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. 
Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütindünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr. 
Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz beýik şahyr we akyldar, döwlet işgäri, bütindünýäde özüniň çeper eserleri bilen meşhur bolan Alyşir Nowaýy barada.
Alyşir Nowaýy beýik şahyr we akyldar, döwlet işgäridir. Onuň doly ady Nyzamiddin Mir Alyşir. Goşgularyny çagataý dilinde (gadymy özbek dilinde) bolşy ýaly, pars dilinde hem (pars eserlerinde) Nowaýy lakamy bilen ýazypdyr. 
Nowaýy ençeme türki halklaryň edebiýatynyň gözbaşynda durýar hem-de özbek milli edebi diliniň düýbüni tutujydyr. Renessans döwrüniň zehinleri bilen deňeşdirip boljak bu beýik şahyryň döredijiligi özbek nusgawy edebiýatynyň ösüşiniň iň ýokary nokadyna öwrüldi.
Alyşir Nowaýy 1441-nji ýylda Hyrat şäherinde doglupdyr. Taryhçylaryň arasynda onuň gelip çykyşy häzire çenli köp sanly jedelleri döredýär. Alyşir irki ýaşlaryndan başlap, şygryýete uly gyzyklanma bildiripdir, 15 ýaşynda bolsa eýýäm, iki dilde: pars hem-de özüniň ene dili bolan köne özbek dilinde ajaýyp şygyrlary ýazypdyr.
1466–1469-njy ýyllarda Alyşir Maşadyň we Samarkandyň medreselerinde okap, filosofiýany, logikany, matematikany hem-de beýleki ylymlary öwrenipdir. Okuwyny tamamlanyndan soň, ýaş ýigit Hyrada dolanyp gelipdir. 
Ömrüniň dowamynda Nowaýy musulman Gündogaryň dürli ýurtlaryna baryp görýär, öz döwrüniň meşhur şahsyýetlerine duşýar. Öz şahyrana ussatlygyny ösdürýär. 1464-1465-nji ýyllarda Nowaýynyň döredijiliginiň janköýerleri onuň goşgularynyň ilkinji ýygyndysyny (diwanyny) taýýarlaýarlar. Munuň özi şol wagta çenli Nowaýynyň eýýäm şahyr hökmünde meşhur bolandygyny görkezýär.
 «Dindarlaryň gozgalaňy», «Leýli we Mejnun», «Şirin we Perhat», «Ýedi dünýä», «Isgender galasy» ýaly bäş poemadan ybarat bolan «Hamsa» atly ýygyndysy Alyşir Nowaýynyň iň meşhur eserine öwrülipdir. Eserleriň ählisi dürli wagtlarda ýazylypdyr we dürli temalara bagyşlanypdyr.
1490–1501-nji ýyllarda Nowaýy örän liriki, jemgyýetçilik-filosofiki hem-de ylmy eserleri döredipdir. 1498-nji ýylda ol ähli şygyrlarynyň ýygyndysyny düzmegi tamamlaýar hem-de «Manylaryň hazynasy» diýen at bilen dört sany diwan-ýygyndysyny döredýär. Bu ýygyndynyň ähli şygyrlarynyň möçberi 50 müňden gowrak setirlerden ybaratdyr. Şunda Nowaýy musulman Gündogar edebiýatynyň bar bolan 21 žanryndan 16 žanrda şygyr ýazypdyr.
Nowaýy örän rehimli adam bolupdyr we haýyr-sahawat bilen yzygiderli meşgullanypdyr: garyplary naharlapdyr, egin-eşik paýlapdyr. Mundan başga-da, Nowaýy ençeme ylmy we filosofik işlerini miras galdyrypdyr, şol eserler dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Nowaýynyň iň soňky eseri «Mahbub al-kulub» (1500).
Nowaýy öz şygyrlarynda sada, hoşniýetlilik, Watana, adamlara bolan söýgi ýaly häsiýetleri wasp edipdir. Bu gymmatlyklaryň ählisi bütindünýä gymmatlyklarydyr.
Alyşir Nowaýy 1501-nji ýylyň ýanwar aýynda aradan çykypdyr.
Ýokary derejeli ynsan bolmak bilen ol ýurduň durmuş-ykdysady gurluşynyň kämilleşmegine uly goşant goşupdyr, ylmyň ösmegine sungata we edebiýata howandarlyk edipdir, hemişe parahatçylygy we sazlaşygy ýola goýmaga synanyşypdyr. Asyrlaryň dowamynda onuň eserleri nusga alarlyk bolupdyr hem-de ruhlandyrypdyr.
Nowaýynyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten edebi mirasy beýikdir we köptaraplydyr. Ol şygyrlaryň, poemalaryň, ylmy işleriň we şahyrana traktatlaryň ýygyndylarynyň 30-a golaýyny özünde jemleýär. Onuň döredijiligi Gündogary öwrenijilerde örän uly gyzyklanma döredýär, ylmy barlaglaryň Nowaýyşynaslyk diýen aýratyn ugry peýda boldy. 
Nowaýy türkmen halkynyň saz sungatynda uly orun eýeledi. Bagşylar türkmen toýlarynda köplenç sazlaryny Nowaýy perdesinden başlaýarlar. Şol döwrüň sazandalary tarapyndan döredilen «Miraly we Soltansöýün» poemalary hem türkmen halkynyň Nowaýa bolan çuňňur söýgüsiniň nyşanydyr. Halk içinde Nowaýy bilen baglanyşykly onlarça rowaýatlar hem gürrüň berilýär.
Alyşir Nowaýynyň ady Özbegistanyň milli kitaphanasyna hem-de uly döwlet akademiki teatryna, Daşkendiň özbek dili we edebiýaty döwlet uniwersitetine, edebiýat muzeýine, esasy senagat merkezi bolan Nowaýy şäherine, metropoliten stansiýasyna dakyldy. 
Dünýäniň köp şäherlerinde Alyşir Nowaýynyň ýadygärlikleri oturdyldy.