Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky ajaýyp şahsyýetleriň ýadygärlikleri: Saýido Nasafi

Şu ýyl türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hem-de onuň özüniň hormatyna Köpetdagyň eteginde paýtagtymyzyň täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy dabaraly ýagdaýda açyldy. 
Bu iri desganyň Magtymguly Pyragynyň beýik ýadygärliginden başga-da, dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlarynyň hem-de akyldarlarynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen seýilgähi hem özünde jemleýändiginiň özboluşly manysy bardyr. Munuň özi halklaryň dostlugy we adamzadyň medeni-mirasynyň jebisligi babatda onuň ähmiýetini nygtaýar.
«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň bütin dünýä meşhur ýazyjylarynyň hem-de şahyrlarynyň ýadygärlikleriniň 24-si oturdyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy okyjylary, aýratyn-da, çagalary we ýetginjekleri «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyny bezeýän ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň ýadygärlikleri we olaryň ömri hem-de döredijiligi bilen tanyşdyrmagy dogry hasaplady. Bu bolsa bu ýerde heýkelleri oturdylan öz döwrüniň ussatlarynyň käbirleriniň Türkmenistanda bolandyklary üçin hem möhümdir. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň redaksiýasy olar barada maglumatlary beýan edip, ýazyjylar we şahyrlar barada habarlaryň, mümkin boldugyça, dolulygyna ýetirmäge çalşar, çünki örän köp wagtyň geçendigi sebäpli olaryň köpüsi barada örän az maglumatlar saklanyp galypdyr. 
Biziň şu günki gysgaça gürrüňimiz täjik edebiýatynyň nusgawy şahyry Saýido Nasafi barada.
Saýido Nasafi başlangyç bilimini Buharada alýar. Şol ýerde ol dokmaçy bolup işleýär we garyplykda ýaşaýar. Hünärmentleriň durmuşyna hem-de zerurlyklaryna belet bolup, olaryň zähmeti barada köp şygyrlar ýazýar. Onuň žanrlara baý şygryýetinde zalymlyk eden-etdilik, XVII asyrda Orta Aziýany tozduran içerki dawalar ýazgarylypdyr. Saýido Nasafiniň eserleri nusgawy pars dilini we täjik halkynyň gepleşik dilini özünde jemläpdir. Şahyryň edebi mirasy žanr taýdan köp dürliligi bilen tapawutlanýar.
Saýido Nasafiniň eserleri goşgy düzmegiň gazal, muhammes, kasyda görnüşlerinde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Onuň şygyrlaryndaky öňe sürülýän pikirler adamda oňat häsiýetleriň, zähmetsöýerligiň, adamçylygyň, ynsaplylygyň ösmegi üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Şol pikirler terbiýeçilik nukdaýnazaryndan hem örän möhümdir.
Adaty şahyrana keşplere düşünmäge köp täzelikleri getiren S.Nasafiniň döredijiligi şäher edebiýaty hökmünde atlandyrylýan, hususan-da, Şahraşub žanrynyň (şäher senetkärleriniň işlerini wasp eden şahyrlaryň eserleri) ösmegine uly täsirini ýetiripdir. S.Nasafiniň goşgularynda 200-den gowrak şäher hünärleri ýatlanylýar. Şäher senetkärleriniň edebiýaty, esasan, orta medeniýetlileriň arasynda giňden ýaýrapdyr, şolarda wäşilik duýgularyna, beýlekileriň üstünden gülmek we adyňa aýdylýan degişmäni kabul edip bilmek, zerur bolanda ýaramazlygy hem-de ýowuzlygy gülki arkaly paş etmek başarnygyna ýokary baha berlipdir. Şoňa görä-de, senetkär-şahyrlaryň döredijiliginde, şol sanda S.Nasafide satira we ýumor uly orun eýeläpdir. 
Öz döwürdeş şahyrlarynyň köpüsine mahsus bolşy ýaly, Saýido Nasafi birnäçe wagt şol döwrüň hanlarynyň köşgünde bolupdur we olaryň şanyna öwgüli kasyda-odalaryny ýazypdyr, ýöne, soňra ol köşk durmuşyndan gidip, bu baradaky şygryýetini taşlapdyr. 
S.Nasafiniň eserleriniň arasynda mazmuny boýunça şol döwrüň dürli wakalarynyň taryhy hronologiýasyny beýan edýän goşgular bar, şeýle bolansoň, şol şygyrlar taryhy ähmiýete eýe bolýar. 
S.Nasafi 1711-nji ýylda aradan çykypdyr. Onuň şygyrlary täjik edebiýatynyň nusgawy eserleridir. Şahyryň hormatyna şäherlere hem-de köçelere onuň atlary dakylypdyr.